2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

ŞATLYKLY PURSATLARYŇ BEÝANY

Hazaryň kenarynda geçirilen giň göwrümli çäreler kärdeşler arkalaşyklarynyň işgärlerine we işjeň agzalaryna unudylmajak täsirleri peşgeş berdi. Oňa gatnaşyjylaryň ýürek joşduryjy sözleri hem bu hakykaty aýdyň ýüze çykarýar.

 

Döwlet GURBANOW,

Sarahs etrabynyň Tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy:

— «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň toý keşbini synlamak diýseň ýakymly boldy. Bir-birinden kaşaň myhmanhanalar, kottejler toplumlary, seýilgähler, dynç alyş we sagaldyş merkezleri hem-de beýleki kaşaň desgalar aklyňy haýrana goýýar. Gojaman Hazaryň türkmen kenarynyň dürdänesine öwrülen milli syýahatçylyk zolagynda gysga wagtyň dowamynda gurlan desgalaryň gözbaşynda döwlet Baştutanymyzyň tükeniksiz yhlasynyň durandygyny ählimiz bilýäris hem-de Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdýarys.

«Daýanç» sagaldyş merkezinde geçirilen çäreler ajaýyp täsirleri galdyrdy. Sport-sagaldyş çärelerine höwes bilen gatnaşdyk. Deňziň şypaly howasynyň lezzetini duýup, dürli sport maşklaryny ýerine ýetirmegiň täsiriniň has-da üýtgeşikdigine göz ýetirdik. Welosipedli syýahat hem guramaçylykly geçdi. Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanyp geçirilen aýdym-sazly dabaralar toý şatlygymyza şatlyk goşdy. Mahlasy, Täze ýylyň öňüsyrasynda Awazada bolan gyzykly çäreler ýatdan çykmajak täsirlere beslendi. Hormatly Prezidentimiziň döwletli başlangyçlaryny we taryhy ähmiýetli işlerini zähmetkeşleriň arasynda wagyz-nesihat etmekde mundan beýläk-de mynasyp goşant goşarys.

 

Allanur GÖKJÄÝEW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň başlygynyň orunbasary:

— Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen çärelere gatnaşmak bagtynyň miýesser edendigine juda tolgunýaryn. Deňiz kenary kärdeşler arkalaşyklarynyň iň öňdebaryjy işgärlerini we işjeň agzalaryny öz goýnuna jemledi. Gözel Diýarymyzyň ösüş-özgertmeleri barada gürrüň etdik, medeni-dynç alyş we sport çärelerine gatnaşdyk. Täze, 2019-njy ýylyň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen dabaraly maslahatyň täsiri üýtgeşik duýgulary döretdi. Täze ýylyň şygary kalbymyzy joşa getirip, täze ýylda uly üstünliklere ruhubelentlik berdi.

Hormatly Prezidentimiziň döwletimizi ähli babatda gülledip ösdürmäge, ata Watanymyzy ösen senagat ýurduna öwürmäge gönükdirilen giň göwrümli özgertmeler maksatnamalarynyň çäginde ýurdumyzda ajaýyp işler alnyp barylýar. Şeýle işlere tamamlanyp barýan ýylyň dowamynda ýurdumyzyň sebitlerinde gurlup, dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berlen dürli maksatly binadyr desgalaryň mysalynda buýsanç bilen göz ýetirýäris. Oba hojalygynda, aýratyn-da, pagtaçylykda gazanylan belent zähmet üstünligi bellenilmäge mynasypdyr. Pagtaçylaryň belent sepgide ýetmeklerinde welaýatymyzyň «ak altyn» ussatlarynyň saldamly goşandy bar. Dabaraly maslahatda we «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikde bu ugurdaky ösüşdir özgertmeler hakynda-da aýdyldy, Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda gazanylýan üstünlikleri wagyz-nesihat etmekde kärdeşler arkalaşyklarynyň wekilleriniň orny bellenildi. Munuň özi bize wagyz-nesihat işlerini mundan beýläk-de ýaýbaňlandyrmaga uly ruhubelentlik berdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe taryhy ähmiýetli işleri durmuşa geçirýändigi, ata Watanymyzy rowaçlyklaryň mekanyna öwürýändigi üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýdýarys.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.