2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

«HOŞ GELDIŇ, TÄZE ÝYL, EZIZ DIÝARA!» ATLY BÄSLEŞIK GEÇIRILDI

TÄZE ÝYL ŞOWHUNY

 

Ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap birleşmesiniň hem-de etrap medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda, Agalaň oba medeniýet öýünde «Hoş geldiň, Täze ýyl, eziz Diýara!» atly bäsleşik geçirildi.

Bu bäsleşige Tejen etrap medeniýet bölümine degişli bolan oba medeniýet öýleriniň işgärlerinden hem-de çeper höwesjeňlerinden düzülen toparlar gatnaşdylar. Olar bäsleşikde halk döredijiliginde giň gerim alan däp-dessurlary döwrebap sahnalaşdyrmak arkaly folklor çykyşy, ata Watanymyzy, Täze ýyly wasp edýän aýdym aýtmak hem-de Ayazbabanyň keşbini ýerine ýetirmekde bäsleşdiler.

Şatlyk-şowhuna beslenen bäsleşikde toparlar şertler boýunça aýratynlykda öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Täze ýyl mynasybetli geçirilen bäsleşikde, Tejen etrabynyň Altyn asyr şäherindäki medeniýet öýüniň topary 1-nji, Agalaň oba medeniýet öýüniň topary 2-nji, Gurbandurdy oba medeniýet öýüniň topary 3-nji orny eýelediler.

Ýeňijilere Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap birleşmesi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Ogulbagt AÝNAZAROWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap birleşmesiniň işgäri




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.