2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

AJAÝYP GÜNLERIŇ ÝAKYMY

Ýürekde arzuw bar bolsa, asylly maksatlar täzelenip durýan bolsa, bu biziň durmuşymyzyň barha ajaýyplaşýandygyndan habar berýär. Çünki jemgyýet özgerdigi, ösdügisaýy ynsanyň ýaşaýşa bolan islegi, talapy artýar.

Ol has gowy, has gözel ýaşamak üçin yhlas edýär. Täze belentliklere ýetmek üçin öňünde täze maksatlary goýýar. Eýsem ýüreklerimize şeýle ynamy, joşguny salýan zadyň gönezligi näme? Ol hormatly Prezidentimiziň il-ýurt üçin edýän beýik aladasy. Ýurt asudalygy, giň gerim bilen ýaýylan döwlet aladasy täze dogýan günlere ynamly bakmaga, dogumly hereket etmäge, ruhubelent ýaşamaga kömek edýär. Halallyk, adalatlylyk, döwlet tarapyndan edilýän alada ynsanyň özüni ynjalykly duýmagyna, maksada ymtylyşly, zähmete yhlasly ýapyşmagyna iterýär.

Biziň ýüreklerimiz gowy arzuw-hyýallardan püre-pür dolan bolsa, Täze ýylyň bosagasynda birek-birege hoşamaý sözler, ýagşy dilegler adatdakysyndan has kän aýdylýan bolsa bu biziň şu günümiziň — şu ýylymyzyň bereketli, rysgally, döwletli we düşümli ýyl bolandygynyň alamaty. Sebäbi bizi joşduryp, dillendirip duran duýgynyň gönezligi şol bereket, şol döwletlilikdir. Bu üstünlikleri bir söz bilen ýatlajak bolsaňam, ençeme wagt gerek, emma olaryň geljegimize näderejede gymmatlydygyny açyp görkezmek üçin söz azlyk, sahypalar darlyk edýär. 2018-nji ýylyň her bir güni aýratyn bir sahypa bolup taryha ýazyldy. Ol türkmen halkyny has beýik maksatlara ataryp, özüniň bereketi bilen öňümizdäki Täze ýyla ak pata berdi

Täze ýyl baýramçylygynyň gyzykly pursatlarynyň birem toý saçagyny bezemekdir. Ýylboýy birnäçe toýlaryň, baýramlaryň bardygyna garamazdan, adamlar Täze ýyl baýramçylygyna aýratyn ähmiýet berýärler. Täze ýylda ömrüň täze sahypasy açylýan mysaly, ony uly ynam, umyt bilen garşylamaga çalyşýarlar. Ýylyň bereketli, bolçulykly bolmagy üçin saçaklarda dürli-dümen nazy-nygmatlary, süýji tagamlary, sowgatlary goýýarlar. Bezeg berýän ýaşyl arçalaryň degresini owadan oýunjaklar, jäjekler bilen zynatlap, öýüň gelşigini has-da artdyrýarlar. Emma süýjüligi nygmatlardan, owadanlygy oýunjaklardan pes bolmadyk ýene bir zat Täze ýyl baýramçylygyna aýratyn ajaýyplyk çaýýar. Ol bu baýrama mahsus iň gyzykly zatlaryň biridir.

Oňa Täze ýyl arzuwlary diýilýär.

2019-njy ýylyň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen şygar astynda iň bereketli hem düşümli ýyllaryň birine öwrüljekdigine ynanýarys. Täze ýylda rowaçlygyň, üstünligiň türkmen halkyna ýaran boljakdygy şu günlerden duýulýar. Il agzybirligi, ýurt asudalygy, bazar bolçulygy kalbyňy joşdurýar. Halk arasynda bagt guşy adamyň başyna bir, üç ýa-da ýedi gezek gelermiş diýen düşünje bar. Emma her bir adam ykbalyň ezizlän ynsany bolup durka bagt guşunyň Täze ýylyň her bir gününde ýanymyzdan aýrylmajakdygyna ynanmalydyrys. Täze ýylyň her gününden diňe şatlyklara gowulyklara garaşmaga endik etmeli Çünki biz üstümizdäki ýylyň dowamynda köp ýyllara mahsus ösüşleriň şaýady bolduk.

Goý, Täze ýyl rysgally, bereketli, döwletli we düşümli ýyl bolsun. Halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin maksatnamalaýyn işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleri rowaç bolsun!

 

Şasoltan DURDYÝEWA,

Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Bäherden etrabyndaky ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Geňeşiniň başlygy.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.