Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

DURMUŞ-ZÄHMET GATNAŞYKLARY

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz ähli babatda, şol sanda kanunçylyk binýady babatda hem yzygiderli kämilleşýär. 2018-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan «Durmuş-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek boýunça üçtaraplaýyn topar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi hem bu aýdylanlaryň aýdyň şaýadydyr. Kanun durmuş-zähmet we olar bilen baglanyşykly gatnaşyklary düzgünleşdirmek boýunça üçtaraplaýyn topary döretmegiň we onuň işiniň hukuk esasyny kesgitleýär.

Kanunyň esasy hukuk binýady Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynyň düzgünlerinden gözbaş alýar.

«Durmuş-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek boýunça üçtaraplayyn topar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny zähmet kanunçylygynyň degişli düzgünlerini takyklaýar.

Meselem, Türkmenistanyň Zähmet kodeksinde zähmet çygrynda durmuş hyzmatdaşlygy barada beýan edilýär (XV bölüm). Hususan-da, Kodeksiň 322-nji maddasyna laýyklykda, zähmet çygrynda durmuş hyzmatdaşlygy işgärleriň (işgärleriň wekilleriniň), iş berijileriň (iş berijileriň wekilleriniň), döwlet häkimiýet we dolandyryş, ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň arasynda zähmet we olar bilen gös-göni baglanyşykly beýleki gatnaşyklary düzgünleşdirmegiň meseleleri boýunça işgärleriň hem-de iş berijileriň bähbitleriniň ylalaşylmagyny üpjün etmäge gönükdirilen ulgamdyr. Ygtyýarly edilen wekiller tarapyndan wekilçilik edilýän işgärler we iş berijiler durmuş hyzmatdaşlygynyň taraplarydyr.

Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 339-njy maddasyna laýyklykda, durmuş hyzmatdaşlygy: 1) köpçülikleýin şertnamalaryň, ylalaşyklaryň taslamalaryny taýýarlamak we olary baglaşmak boýunça köpçülikleýin gepleşikler geçirmek arkaly; 2) zähmet gatnaşyklaryny we olar bilen gös-göni baglanyşykly beýleki gatnaşyklary düzgünleşdirmegiň, işgärleriň zähmet hukuklarynyň kepilliklerini üpjün etmegiň we Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyny kämilleşdirmegiň meseleleri boýunça özara maslahat bermeler (gepleşikler) görnüşinde; 3) işgärleriň, olaryň wekilleriniň kärhanany dolandyrmaga gatnaşmagy bilen; 4) işgärleriň we iş berijileriň wekilleriniň zähmet jedellerini çözmäge gatnaşmagy arkaly amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynda durmuş hyzmatdaşlygynyň ulgamy durmuş hyzmatdaşlygy taraplaryň özara hereketiniň esasynda, hususan-da, döwlet, çäk, pudak we edara-kärhana hem-de gurama derejelerinde guralýar. Döwlet derejesinde onuň görnüşi Baş ylalaşyk, çäk derejesinde — çäk ylalaşyklary, pudak derejesinde — köpçülikleýin ylalaşyklar, edara-kärhanalarda we guramalarda bolsa köpçülikleýin şertnamalar baglaşylýar. Köpçülikleýin şertnamany (ylalaşygy) işläp taýýarlamak, baglaşmak, üýtgetmek ýa-da üstüni ýetirmek üçin iş beriji bilen kärhananyň işgärleriniň wekilçilikli edarasynyň arasynda köpçülikleýin gepleşikler geçirilýär.

Kodeksiň 335-nji we 336-njy maddalaryna laýyklykda, durmuş hyzmatdaşlygyň taraplary kesgitlenilendir. Şoňa görä-de, kabul edilen Kanunda gepleşikleriň geçirilmegi üçin, şeýle hem işgärleriň durmuş- zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek bilen bagly döwlet derejesinde üçtaraplaýyn topar döredilmegi göz öňünde tutulýar. Hususan-da, Kanunda durmuş-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek boýunça üçtaraplaýyn topar Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan ýörite ygtyýarly edilen döwlet edarasynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we işgärleriň beýleki wekilçilikli guramasynyň we iş berijileriň birleşikleriniň wekillerinden we telekeçileriň ygtyýarly wekillerinden ybaratdyr diýlip bellenilýär.

Şeýlelikde, Kanun Türkmenistanyň Zähmet kodeksindäki durmuş hyzmatdaşlygy barada düzgünleri has-da kämilleşdirýär. Şoňa görä-de, Kanunda toparyň esasy maksatlary we wezipeleri kesgitlenilýär. Hususan-da, toparyň esasy maksatlary we wezipeleri üçtaraplaýyn gepleşikleri alyp barmak, Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda, Baş ylalaşygy işläp düzmek we taraplaryň arasynda baglaşmagyny gazanmak, durmuş-zähmet we onuň bilen baglanyşykly gatnaşyklaryň düzgünleşdirilmegine ýardam bermek, şeýle hem durmuş-ykdysady ösüşiň esasy ugurlary boýunça taraplaryň bähbitlerini ylalaşmak degişlidir. Jemläp aýdylanda, toparyň esasy maksatlary we wezipeleri Türkmenistanyň durmuş-zähmet we olar bilen baglanyşykly gatnaşyklary çygryndaky kanunlarynyň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň hem-de zähmet gatnaşyklary, ilatyň iş bilen üpjünçiligi we durmuş goraglylygy çygryndaky döwlet maksatnamalarynyň taslamalarynyň işlenip taýýarlanylmagy we kabul edilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleler boýunça maslahatlary geçirmek, Baş ylalaşygyň ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly meselelere seretmek, halkara tejribesini öwrenmek, durmuş-zähmet gatnaşyklary çygrynda degişli halkara guramalary we daşary ýurt döwletleriniň guramalary bilen hyzmatdaşlygy saklamak hem-de durmuş-zähmet gatnaşyklary çygryndaky halkara resminamalarynyň tassyklanylmagy we ulanylmagy bilen baglanyşykly meseleler boýunça maslahatlary geçirmekden ybaratdyr.

Kanunyň 8-nji maddasynda toparyň hukuklary hem giňişleýin beýan edilendir. Mysal üçin, üçtaraplaýyn topar döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen döwletiň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmeginiň maksatnamalarynyň işlenip düzülmegi we durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleler boýunça maslahatlary geçirmäge, Türkmenistanyň durmuş-zähmet gatnaşyklary çygryndaky kanunlarynyň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalarynyň işlenip düzülmegine gatnaşmaga we teklipleri bermäge, şeýle hem Baş ylalaşygyň taslamasy işlenip düzülende, ol durmuşa geçirilende we Toparyň çözgütleri ýerine ýetirilende taraplaryň bähbitlerini göz öňünde tutmaga hukugy bardyr. Kanunalaýyklykda üçtaraplaýyn topar durmuş-zähmet gatnaşyklarynyň düzgünleşdirilmegi bilen baglanyşykly meseleler boýunça geçirilýän mejlislere gatnaşmaga, taraplaryň Toparyň agzasy bolup durmaýan wekillerini, şeýle hem ylmy işgärleri we beýleki hünärmenleri öz işine gatnaşmak üçin çagyrmaga hem-de ylmy işgärleri we beýleki hünärmenleri çekmek bilen iş toparlaryny döretmäge hukuklary göz öňünde tutulandyr.

«Durmuş-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek boýunça üçtaraplaýyn topar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny halkara resminamalar bilen özara baglanyşyklydyr. Mälim bolsy ýaly, Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martyndan başlap, dünýä bileleşiginde Birleşen Milletler Guramasynyň deňhukukly agzasy hökmünde çykyş edýär, şeýle hem onuň birnäçe ýöriteleşdirilen edaralary bilen halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrýar. Dürli ugurlar boýunça onlarça halkara resminamalara gol çekildi. Şol sanda Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) resminamalaryna, «Guramalar boýunça we köpçülikleýin gepleşikleri geçirmek boýunça hukuklar hakynda» Konwensiýa gol çekilmegini görkezmek bolar. Kanun Konwensiýanyň esasy maksatlaryna we ýörelgelerine hem esaslanýar.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary zähmet gatnaşyklarynda işgärleriň wekili bolup, Halkara Zähmet Guramasynyň Konwensiýalarynyň ýerine ýetirilişi barada Milli hasabatyň taýýarlanylmagyna işjeň gatnaşýar, Halkara Zähmet Guramasynyň geçirýän mejlislerine yzygiderli gatnaşýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň arasynda baglaşylan Baş ylalaşyk hereket edýär. Baş ylalaşyk — Türkmenistanda durmuş-zähmet we olar bilen baglanyşykly ykdysady gatnaşyklary düzgünleşdirmegiň umumy esaslaryny belläp, şolary çäk we pudaklaýyn ylalaşyklar we köpçülikleýin şertnamalar baglaşylanda nazarda tutýan hukuk namasy bolup, köpçülikleýin şertnamany, ylalaşygy işläp taýýarlamak, baglaşmak, üýtgetmek ýa-da üstüni ýetirmek üçin iş beriji bilen kärhananyň işgärleriniň wekilçilikli edarasynyň arasynda köpçülikleýin gepleşikler geçirmek üçin esasy hukuk binýady bolup çykyş edýär. 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýy boýunça Türkmenistanyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda 32 köpçülikleýin ylalaşyk, 57 çäk ylalaşyk, şeýle hem edara-kärhanalarda 9 312 köpçülikleýin şertnama baglaşyldy. Köpçülikleýin şertnamalar we ylalaşyklar zähmet gatnaşyklarynyň düzgünleşdirilmegine ýardam etmek hem-de işgärleriň we iş berijileriň durmuş-ykdysady bähbitlerini biri-biri bilen sazlaşdyrmak maksady bilen baglaşylýar.

Görşümiz ýaly, täze kabul edilen Kanunyň ähmiýeti örän uludyr. Milli kanunçylyk ulgamlaryny kämilleşdirmek barada hormatly Prezidentimiziň yglan eden döwlet syýasaty yzygiderli durmuşa geçirilýär. «Durmuş-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek boýunça üçtaraplaýyn topar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny muňa aýdyň mysaldyr.

 

Myrat HAITOW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň baş hukuk gözegçisi, ýuridiki ylymlaryň doktory, professor, Türkmenistanyň at gazanan ýuristi.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.