Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

TÄZE ÝYL BAÝRAMY MYNASYBETLI DABARA

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Kaka etrap birleşmesiniň guramagynda «Salam, Täze ýyl!» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Kaka şäherindäki «Berka­rar» toý mekanynda bolan dabara etrabyň edara-kärhanalarynda dürli kärlerde zähmet çekýän Kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalary, ýaşulular, mährem eneler gatnaşdy.

Baýramçylyk dabarasyna jemlenen bagtyýar raýatlar baýramçylyk gutlaglaryny beýan edip, milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda 2018-nji ýylda ýurdumyzda ýetilen belent sepgitler, Türkmenistan Watanymyzyň rowaçlyga beslenen ösüşleri hakynda söhbet etdiler. Şowhunly dabarada Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşen halkymyzyň toý-baýramlary uly ruhubelentlik bilen belleýändigi barada aýdylyp, bagtyýar durmuşy bagyş eden Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyşly sözler beýan edildi.

Baýramçylyk dabarasynyň dowamynda etrabyň medeniýet we sungat işgärleri özleriniň taýýarlan baýramçylyk çykyşlaryny tomaşaçylara hödürlediler. Sungat işgärleriniň çykyşlarynda hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda ösýän-özgerýän ata Watanymyzyň, bagtyýar halkymyzyň waspy belentden ýaňlandy. Olaryň ussatlyk bilen ýerine ýetiren aýdym-sazlary, tans çykyşlary, wäşileriň degişme sahnalary tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn el çarpyşmalar bilen garşylandy. Täze ýyl mynasybetli geçirilen dabara gatnaşan Aýazbabadyr Garpamyk şanly senäniň şüweleňini has-da artdyryp, göwünleri joşdurdy.

 

Gurbanguly IŞANGULYÝEW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Kaka etrap birleşmesiniň işgäri.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.