2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

AJAÝYP ÖSÜŞLERIŇ DIÝARY. “DAÝANÇ’ SAGALDYŞ MERKEZINDE.

Mähriban watanymyz Türkmenistan pasyllaryň ählisinde hem ajaýyp, owadan görnüşe eýedir. Her pasylda täze keşbe girýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy bu günler baýramçylyk donuny geýdi. Ajaýyp zamanamyzda gün-günden özgerýän “Awazanyň” gözel görki, jana şypaly howasy, amatly dynç alyş şertleri hakynda diňe öwgüli sözler aýdylýar.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň guramagynda, 21 – 25 - nji dekabr aralygynda tamamlanyp barýan 2018-nji ýylda Hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasatda alyp barýan işlerini Diýarymyzyň beýik ösüşlerini wagyz edip, dürli pudakda işjeň zähmet çekýän kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalaryna bu ajaýyp künjekde dynç almak üçin mümkinçilikler döredildi. Ýurdumyzyň ähli künjeginden gelen myhmanlar Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň “Daýanç” sagaldyş merkezinde ýerleşdirildi. Dynç alyş günlerinde zähmetde öňdebaryjylygy bilen tapawutlanan işgärler “Tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikleri, sportuň dürli görnüşleri boýunça çäreleri guradylar.Şeýle hem Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň “Daýanç” sagaldyş merkeziniň öňündäki meýdançada Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli aýdym-sazly konsertler, dynç alyş agşamlary geçirildi.Dabaraly çäreler ýurdumyzyň ähli künjeginden gelen myhmanlara ruhy lezzet paýlady. ”Awaza”  milli syýahatçylyk zolagydyr Hazaryň kenaryna guralan gezelençler dynç alýanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Gazetimiziň şu sanynda olaryň birnäçesiniň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirýäris:

 

Реnа AŞYROW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň müdiri:

— Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Watanymyz belent maksatlara tarap bedew bady bilen öňe barýar. Ýurdumyz bu taryhy ýylda ýangyç-energetika, senagat, ulag, ykdysadyýet, awiasiýa, aragatnaşyk, söwda-telekeçilik, gurluşyk, saglygy goraýyş, ylym-bilim, sport, syýahatçylyk, medeniýet, oba hojalyk pudaklarynda uly ösüşlere eýe boldy. 2018-nji ýylda gazturbinaly elektrik beketleri gurlup, himiýa kärhanalary açylyp ulanylmaga berildi. Türkmenbaşydaky Halkara deňiz porty sebit üçin ähmiýetli waka boldy. «Amul — Hazar 2018» awtorallisidir Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty bu ýylyň dabarasyny has hem belende göterdi. Вu taryhy ýylda Diýarymyz uly ösüşleri gazandy. Şol ösüşleriň sakasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly başlangyçlary möhüm orny eýeleýär.

Goý, Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli alyp barýan işleri uly üstünliklere eýe bolsun!

 

Döwletmyrat TATAROW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Serdar etrap birleşmesiniň başlygy:

— Üstümizdäki ýylda ýurdumyzyň zähmetsöýer kärendeçi-daýhanlary gallanyň, «ak altynyň», gök-miwe önümleriniň bereketli hasylyny Watan harmanyna artygy bilen tabşyrdylar. Ajaýyp zamanamyzda oba zähmetkeşleri tehnika, dökün, tohum we beýleki serişdeler bilen ýeňillikli üpjün edilýär. Oba hojalygyny döwrebaplaşdyrmak we oňa öňdebaryjy agrotehnikalardyr ylmy taslamalary ornaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän häzirki zaman kärhanalary, iri un zawodlary, maldarçylyk, guşçulyk we ýyladyşhana toplumlary guruldy. Ýakynda Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda häzirki zaman maldarçylyk toplumy açyldy. Bu ýerde şugundyr, arpadyr mekgejöwen, ot-iýmlik ekinleri ösdürilip ýetişdirilýär. Toplumda dünýä standartlaryna laýyk gelýän tehnologiýalar ornaşdyrylyp, mallary iýmlemek, ýataklaryny arassalamak işleri awtomatik usulda alnyp barylýar.

Şunuň ýaly ýokary derejeli toplumlary açyp ulanmaga berýän hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözlerimizi aýdýarys!

 

Ýazmuhammet ATAÝEW,

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky baş arhiw müdirliginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy, Türkmenistanyň Merkezi arhiwiň bölüm müdiri:

— Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde 2018-nji ýyl uly many-mazmuna eýe boldy. Bitarap döwletimiziň dost-doganlyk, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýörelgelerini dünýä ýüzünde giňden dabaralandyrmakda uly işler durmuşa geçirildi. Her bir şahasy ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulmaga mynasyp hasaplanýan Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilmegi ugrunda möhüm taslamalar amal edildi. Ata-babalarymyzdan miras galan şol keremli ýollara gaýtadan ömür beren Gahryman Arkadagymyzdyr. Munuň özi biziň her birimizi buýsandyrýar.

Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklary hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatyny wagyz-nesihat etmek maksady bilen öz agzalarynyň arasynda dürli duşuşyklarydyr maslahatlary guraýar. Arhiw işgärlerini ýurdumyzdaky sagaldyş we dynç alyş merkezlerine ýeňillikli ýollanmalar arkaly dynç alyşlara ugradýarys. Ýurdumyzdaky teatr-muzeýlere gezelençleri guraýarys.

Halkymyzyň medeniýetli dynç almagyna giň mümkinçilikleri açýan döwlet Baştutanymyzyň adyna köp sagbolsun aýdýarys!

 

Halmyrat BABAÝEW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň pudagara utgaşdyryjysy:

— Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň hünärmenleri 2018-nji ýyly üstünliklere beslediler. Täze ýylyň bosagasynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç almaga döredilen mümkinçilige buýsanýarys. Biz bu ýerde birek-birek bilen baýramçylyk joşgunlarymyzy paýlaşyp, wagtymyzy örän täsirli geçirýäris. Dynç alşyň dowamynda kenar ýakasynda sport çäreleri guraldy. Bu ýerde köpçülikleýin maşklary ýerine ýetirip, sportuň dürli görnüşi boýunça ýaryşlara gatnaşdyk.

Hormatly Prezidentimizi, halkymyzy Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!

 

Dynç alyş günlerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkeziniň Medeniýet Öýüniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda, «Rowaçlyklaryň Watany» atly maslahat geçirildi. Oňa bu ýerde dynç alýan kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahatda 2019-njy ýylyň «Türkmenistan rowaçlygyň Watany» diýlip atlandyrylandygy, onuň ähmiýeti barada gyzykly çykyşlar edildi. Maslahata gatnaşanlar il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyşly sözlerini beýan etdiler.

 

Ogulbike YMAMBERDIÝEWA,

öz habarçymyz.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.