Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ARZUWLARYŇ ARZUWLARA ULAŞÝAN MEKANYNDA

Suratly reportaž.

Suratda: “Gülüstan” döwlet söwda merkezinde söwdanyň gidişinden görnüş. Surata düşüren Gündogdy GARAÝEW

 

Salam, Täze ýylyňyz gutly bolsun! Özüňiz bilen tanyşdyraýsaňyz!

— Salam. hemmämiziň Täze ýylymyz gutly bolsun! Men Gyzylgül Muhammedowa. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Agrosenagat toplumynyň kärdeşler arkalaşygynyň işgärleriniň esasy hünärmeni bolup işleýärin.

Gyzylgül, sizi «Gülüstan» bazarynda hoş gördük, şu wagt bazarda söwdanyň gyzyşýan wagty — ildeşlerimiz bazar bolçulygyny subut edýän dürli oba hojalyk azyk önümlerinden doly tekjelere hyrydar gözleri bilen seredip, özlerine gerek zatlary höwes bilen satyn alýarlar. Görşümiz ýaly, siz hem bazarlamaga gelipsiňiz!

Sag boluň! Men hem ildeşlerimiz ýaly, ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygyny agzybir maşgalamyzda şatlyk-şowhuna besläp geçirmek we baýramçylyk saçagyny bezemek üçin bazara geldim. Aslynda, maşgalamyzda baýramçylyk günlerinde iň naýbaşy milli tagamlarymyzyň biri bolan palawy, «çopan işdäaçaryny» taýýarlaýarys. Görşüňiz ýaly, men hem şu wagt bazara käşir, tüwi, hyýar, pomidor satyn almaga geldim. Tüweleme, ýurdumyz bolçulygyň mekany. Ak bazarlarymyzdan islän harydyňy satyn almak bolýar. Şonuň üçin hem men häzir bazardan çaga oýnawaçlaryny we ýörite gaplanan süýjülikli sowgatlary hem almakçy. Çünki öýde maňa gaýynatam. gaýynenem hem-de iki ýaşyna gadam basan oglum Ezizmuhammetjan garaşýar. Şu gün Täze ýyl sowgadyny alyp, olary hem begendirmekçi. Soňra ýanýoldaşym Serdar bilen maşgalamyz bolup ýurdumyzyň Döwlet sirkinde Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanyp geçirilýän «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň şowhunly çykyşlaryna tomaşa etmäge gitmekçi.

Alan harytlaryňyz nesip etsin! Gyzylgül, belki-de, okyjylarymyza Täze ýyl arzuwlaryňyzy hem aýdarsyňyz?!

Ilki bilen halkymyzy bagtyýar zamanada, eşretli durmuşda ýaşatmak ugrunda çäksiz aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzy, ähli il-günümizi Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Goý, Täze ýyl ildeşlerimiziň her biri üçin düşümli, bereketli, rysgally ýyl bolsun!

Sag boluň! Täze ýyl siziň agzybir maşgalaňyza hem täze bagt getirsin!

 

Aýnabat ATAÝEWA,

“Bereketli toprak” gazeti

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.