Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÖSÜŞ-ÖZGERTMELERE BUÝSANÇ

Ruhubelent ildeşlerimiz ýokary zähmet işjeňligi bilen Täze – 2019-njy ýyly mynasyp garşylaýarlar. Şu mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerinde toý-dabaralary, bäsleşikler, maslahatlar giň gerimde geçirilýär.

Ýakynda Türkmenabat şäherindäki „Bagt guşy“ toý-dabaralar mekanynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň hem-de Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda geçirilen „Hoş geldiň, Täze ýyl Arkadagly Diýara!“ atly baýramçylyk dabarasy hem ildeşlerimiziň göwün guşuny ganatlandyryp, olaryň ýüreklerini joşa getirdi.

Baýramçylyk dabarasyna welaýatymyzyň edara-kärhanalarynda göreldeli, döredijilikli zähmet çekýän ildeşlerimiz we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Bu ýerde edilen çykyşlarda tamamlanyp barýan 2018-nji ýylyň buýsandyryjy üstünlikleri, ýetip gelýän Täze 2019-njy ýylyň belent maksatlary barada täsirli gürrüň edildi, hormatly Prezidentimiziň taryhy teklibi bilen 2019-njy ýylyň „Türkmenistan – rowaçlygyň Watany“ diýlip yglan edilmeginiň çuňňur many-mazmuny teswirlenildi.

Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň „Bagtyýarlyk mukamy“ aýdym-saz we folklor toparynyň talyplarynyň hem-de Türkmenabat şäher medeniýet merkeziniň sungat ussatlarynyň hormatly Prezidentimizi, ata Watanymyzyň ösüş-özgertmelerini, Täze ýyly wasp edip ýerine ýetiren ajaýyp aýdym-sazlary bolsa dabara gatnaşanlaryň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy. Şeýle baýramçylyk dabaralary welaýatymyzyň ähli ýerinde uly şatlyk, ruhubelentlik bilen dowam edýär.

 

Jennet Raimbaýewa,

Ýörite habarçysy.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.