2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

ALKYŞDAN NURLANÝAN ÝYLLAR

Ýetip gelen Täze ýylymyzyň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň gözellikleri bezemen arçalaryň öwüşgini bilen sazlaşykda nur saçýar. Daş-töwerekde bägülleriň gunçalap oturyşyny göreniňde, gyş pasly hem diýesiň gelenok. Göwünlere gül bitiren ajaýyp döwrümiziň bagtyýar adamlary üçin toý-baýramlar goşa-goşadan gelýär. Ýakynda Türkmenistanyň Zähmet we Ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, onuň garamagyndaky Ilatyň durmuş goraglylygy edaralarynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramaklarynda 100 hem-de ondan köp ýaşan ildeşlerimize hormatly Prezidentimiziň adyndan Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy.

 

Mukaddes ojakda

Aksoltan ejäniň adamsy urşa gidip, gaýdyp gelmändir. 102 ýaşly mährem ene öz yhlasy bilen perzentlerini il hataryna goşupdyr. Gaýratly, edermen enäniň zähmete, topraga söýgüsiniň üýtgeşikdigini onuň elleri aýdyp dur. Bekrewe şäherçesindäki öýlerine Aksoltan ejäni gutlamaga baranymyzda, bu ýeriň howasy edil ýaz ýaly diýdirýärdi. Ähli ýer ýaşyl öwsüp, ene toprak özboluşly dynç alyp oturana meňzeýär. Ömrüni suw hojalygyna bagyşlan Aksoltan eje öý-ojak mukaddesligini ene topraga hyzmat etmek bilen utgaşykly alyp barmagyň hötdesinden gelipdir. Daş-töweregi tämiz howluda baglaryň dürli görnüşleri bar. Arçalaryň ýaşyl öwsüp oturyşy bu gözelliklere özboluşly görk goşýar.

Içeri girenimizde, gowy bezelen Täze ýyl arçasy öýe aýratyn baýramçylyk öwüşginini çaýýardy. Enäniň bolsa dillerinden bal dökülýär.

— Sag bolsun eziz Arkadagymyz! Eneleri ýatlap baýramçylykda sowgat edýär. Täze ýyl baýramçylygynda hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgat almak hem has ýakymly. Pensiýamyz ýylyň-ýylyna köpeldilýär, wagtly-wagtynda tölenilýär, elimiz uzadan ýerimize ýetýär. Ýetip gelen Täze ýylymyz düşümli, döwletli-rysgally ýyl bolsun! Gahryman Ogluň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun! Biz hakda edýän bimöçber aladalary üçin Alla ýalkasyn! Asmanymyz asuda, ýurdumyz parahat bolsun!

Halkymyzda «Garryly öý — gazna» diýen pähim bar. Bu öýde ulynyň uly orny, kiçilere egsilmez söýgi bar. Aksoltan ejäniň ogly Amangeldi aganyň üç ogly, iki gyzy bar. Çagalaryň ählisi hem Aksoltan ejäniň göreldesi, maşgaladaky asylly ýörelge bilen terbiýelenýär. Şeýle asyllylyk, edep-ekram, sylaşyk bolsa öýüň gözelligine görk, döwletine döwlet goşýar. Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlap baranymyza Ak-soltan ene begenmek begendi. Owadan gülli ýaşyl panbarhat köýnekli, ak gyňaçly enäniň Gahryman Arkadagymyza aýdýan alkyşlary diňe bir öýüň içine däl, eýsem, biziň kalplarymyza hem nur bolup ýagdy.

 

«Kümüş diýseň kümüşdir, gyzyl diýseň gyzyldyr»

Bu sözleri adamsy öz gelni Kümüşe ýüzlenip aýdar eken. Eýsem, bu jümleden mährem enäniň gaýratlylygy, edepliligi, belent adamkärçiligi görünmeýärmi näme?! Bu gün 106 ýaşly Kümüş Baýramowa hem ýurdumyzyň iň hormatlanylýan eneleriniň biri. Kümüş ejäni Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlap baranymyzda, körpe gelniniň gaýynenesini ezizleýşi aýratyn täsir galdyrdy. Kümüş daýza bütin ömrüni gök we bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmäge bagyşlan daýhan zenanlaryň biri. Ol durmuşyň kynçylyklaryny gören, ýertitremäniň apatyny başdan geçiren zenan. Şonda ýokardan gaýdan pürs öýdäki agaç sandyga direnip galany sebäpli, Kümüş ene bu pajygadan aman galypdyr. Onuň dört ogly, üç gyzy, otuz alty agtygy, altmyş sekiz çowlugy, sekiz ýuwlugy bar.

 — Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun! Ýaşuly nesli sylap, olar hakda alada edip, iňňän sogaply işleri bitirýär. Gahryman Ogluň saýasynda ýag iýip, ýüpek geýýäris. Her ýylyň başyndan pensiýalarymyz köpelýär, ony üstümize getirip berýärler. Biz hakda gije-gündiz alada edýän hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz egsilmezdir. Il-halky bilen ýürekdeş Ogly dünýä beren Enä hem uzak ömür dileýäris.

Kümüş ejäniň alkyşlaryny diňlemek ýakymly hem tolgundyryjy. Ene alkyşy — mukaddeslik. «Alkyş bilen är gögär» diýýär halkymyz. Täze ýylyň öň ýanynda mährem enelerimiziň dilinde ýaňlanan alkyşlaryň, arzuwlaryň hasyl boljakdygy ikuçsuz. Çünki ene ýüreginden çykýan alkyşlar elmydama hasyl bolýar.

 

Halyçy Ogulnabat daýzalarda

Haly, halyçy diýlende, halynyň nepisligi, bahar güllerine çalymdaşlygy bilen birlikde, ilki bilen, şol halyny dokan zenanyň gül keşbi, gözel kalby göz öňüňe gelýär. Ogulnabat Orazgeldiýewa bütin ömrüni halyçylyk sungatyna bagyşlapdyr. Onuň 1965-nji ýylda dokan halysy uly oglunyň öýünde saklanýar eken. Ogulnabat eje haly dokamagy öz ejesi Enebaý daýzadan öwrenipdir. Onuň iki ogly, ýedi agtygy, ýigrimi bir çowlugy, on alty ýuwlugy bar.

Täze ýyl baýramçylygy Ogulnabat eje üçinem goşa baýram, goşa toý. Bu gün oňa hem hormatly Prezidentimiziň adyndan baýramçylyk sowgady gowşuryldy. Şeýle-de, 2019-njy ýylyň ilkinji gününde döwletli ojagyň eýesi bolan ene 101 ýaşaýar.

— Tüweleme, gül ýaly durmuşymyz bar. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun! Enelere aýratyn hormat goýýan mähriban Arkadagymyzyň adyndan gowşurylan Täze ýyl sowgatlary biziň baýramçylyk şatlygymyzy goşalandyrdy. Gahryman Ogluň biz enelere goýýan belent sarpasy göwnümizi ganatlandyrýar. Ýylyň-ýylyna pensiýalarymyzyň köpeldilmegi, öýlerimize hem getirilip berilmegi ýurt Baştutanymyzyň biz eneler hakdaky aladalarynyň aýdyň netijesidir. Biziň begenjimiziň çägi ýok — diýip, Ogulnabat eje ýürek alkyşlaryny dile getirýär. Şonda onuň üstünde oturan nepis, gyzyl köz ýaly el halysynyň öwüşgini öňküden-de artan ýaly boldy. Eneleriň ellerinde, dillerinde gudrat-kerem bar. Biziň bu mährem eneler bilen duşuşygymyz hem şol keremli pursatlaryň özboluşly beýany boldy.

* * *

100, ondan hem ýokary ýaşly mährem enelerimize hormatly Prezidentimiziň adyndan Täze ýyl sowgatlary gowşurylýarka, milli Liderimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň mähir şuglasy ýene bir ýola bägül bolup, göwnümizi göterdi. Çünki eneler, olaryň alkyşy biziň bagtyýarlygymyzyň, rowaçlygymyzyň özüdir, özenidir.

 

Aýjemal OMAROWA,

« Türkmenistan».

 




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.