Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÝYLLAR ÝYLLARDAN ZYÝAT

Gahryman Arkadagymyz beýleki pudaklar bilen bir hatarda ylym-bilim ulgamyna aýratyn uly üns berýär. Biziň agrosenagat orta hünär okuw mekdebimizde hem ylymly, bilimli, saýlap alan hünärine ussat, iş başarjaň, Watana wepaly hünärmenler ýetişdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Güýçli döwletde ylym esasy orun eýeleýär, diýmek, biz ylmyň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmelidiris» diýen ganatly şygaryndan ugur alynýan ýurdumyzda bu babatda guwanaýmaly işler alnyp barylýar. Ajaýyp Watanymyzda täze döwrebap bilim

ojaklary, çagalar baglary gurlup, ulanylmaga berilýär. Munuň özi ýaş nesle bilim-terbiýe bermekde işimize badalga berdi. Mugallymlaryň jogapkärçilikleri ýokarlanyp, bilim berlişiniň hili täze derejelere göterildi.

Döwletleriň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklary, ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde ähmiýeti uly bolan Beýik Ýüpek ýolunyň Watanymyzyň çäginden geçenliginiň özi-de, eýýäm biziň üçin buýsançlydyr. Arkadag Prezidentimiziň geçip barýan 2018-nji ýylda halkymyza sowgat beren birnäçe atalyk kitaplary ýaş nesli terbiýelemekde ýol-ýörelge bolup durýar. Mähriban Arkadagymyzyň «Türkmenistan —Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly 1-nji we 2-nji kitaplary, «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» ýaly ajaýyp kitaby iň bir söýlüp okalýan ýan kitaplara öwrüldi. Bu kitaplarda Watanymyzyň geçmiş taryhy, şeýle-de medeniýeti, sungaty, milli gymmatlyklary, gyz-gelinlerimiziň, mähriban enelerimiziň adamzat ýaşaýşyndaky orny barada örän ussatlyk bilen beýan edilýär.

Mekdebimizde tejribeli mugallymlaryň uly topary zähmet çekip, olar talyplara döwrebap ylym-bilim, terbiýe bermekde yhlaslylyk görkezýärler. Munuň üçin mekdebimizde ähli şertler bar.

 

Myratly AMANNAÝEW,

Mary welaýatynyň Baýramaly agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň weterinariýa bölüminiň müdiri, mekdebiň kärdeşler arkalaşygy komitetiniň başlygy, welaýat halk maslahatynyň agzasy

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.