Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

AWAZANYŇ TÄZE ÝYL ARÇASY

Awazanyň gyşky keşbi-de örän owadan. Ownuklap ýagýan ýagyş, pessaýja ösýän şemal, başyny çalaja yraýan göm - gök baglar, jana şypa berýän tämiz howa... Bularyň bary ynsan kalbynda ajaýyp duýgulary oýarýar. Hatara uzaýan belent-belent ymaratlar, medeni-durmuş maksatly desgalar, sagaldyş we dynç alyş merkezleri, kottejler toplumlary, gyralary baglyga bürenen giň köçeler, gatnawynyň yzy üzülmeýän ýolagçy awtobuslarynyň hereketleri... gaýtalanmajak gözelligi emele getirýär. Awaza derýasy, dürli reňkde öwşün atýan çüwdürimler toplumy täsinligi bilen görenleriň ünsüni özüne çekýär.

Bu gün Awaza täze, 2019-njy ýyly şatlyk-şowhun bilen garşylamaga taýýarlanýar. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň «Daýanç» sagaldyş merkeziniň öňünde gurlan, dürli oýnawaçlar, şekiller bilen birkemsiz bezelen arça-da Täze ýylyň ýetip gelýändigini buşlaýar.

Geçip barýan ýylda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda köp ösüşler, özgerişler bolup geçdi. «Daýanç» sagaldyş merkeziniň gabat garşysynda giň meýdany tutýan «Awaza» akwaparky işläp başlady. Iň häzirki zaman ölçeglerine laýyk gelýän bu desga ýylyň ähli paslynda suwa düşmäge niýetlenendir. Onda dürli ölçegdäki howuzlar, päsgelçilikli suw attraksionlary, emeli deňiz kenary, emeli daglar, gaýykly gezelenç etmek üçin emeli derýa we beýlekiler bar. Akwaparkyň her bir künji ýatdan çykmajak täsir galdyrýar. Hut şonuň üçinem ol köpleriň, ylaýta-da çagalaryň höwes bilen gelýän ýerine öwrüldi. Diňe bu hem däl. Şu ýyl Hazaryň türkmen kenarynda mümkinçilikleri uly bolan «Awaza» şypahanasy ulanylmaga berildi. Häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen şypahanada dynç almak, saglygyňy dikeltmek üçin ähli şertler bar. Ol lukmançylyk hyzmatlarynyň dürli görnüşlerini hödürleýär. Syýahatçylyk zolagyna geljek ýylda täze ösüşler garaşýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ynsan saglygy baradaky irginsiz aladasy munuň kepilidir.

Täze ýyl ýagşy umytlar bilen baglanyşdyrylýar. «Daýançda» dynç alýan ulularam, kiçilerem şeýle hasaplaýarlar. Olar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her ýylynda täze öňegidişlikleriň hemra boljakdygyna ynanmak bilen, medeni  -köpçülik çärelerine işjeň gatnaşýarlar.

«Daýanç» sagaldyş merkezinde Täze ýyly garşylamak bilen baglanyşykly çäreler irgözinden ýaýbaňlandyryldy. Sagaldyş merkeziniň töwerekleri, binalaryň girelgeleri, naharhana we beýlekiler arçalar bilen bezeldi, yşyklandyryldy. Bular Täze ýyl baýramynyň ýetip gelýändiginiň nyşanyna öwrüldi.

Täze ýyla bagyşlanan baýramçylyk çäresine sagaldyş merkezinde dynç alýanlar bilen bilelikde, welaýatymyzyň dürli künjeklerinden çagalaryň ýüzlerçesi geldi. Ilki Awaza derýasynyň kenarynda gämiden düşen Aýazbabadyr Garpamyk bu ýere gelen çagalary mähir bilen garşyladylar. Olaryň okaýyşlary, bilim alyşlary, sport bilen meşgullanyşlary, köpçülik işlerine gatnaşyşlary bilen gyzyklandylar. Körpelere täze ýylda täze üstünlikler arzuw etdiler. Soňra çagalar Aýazbaba, Garpamyk bilen bilelikde gämide gezelenç etdiler. Gämili gezelenç olara ýatdan çykmajak pursatlary peşgeş berdi. Çagalaryň Awazanyň gözel ýerlerine gezelenjem gyzykly boldy.

Soňra sagaldyş merkeziniň medeniýet merkeziniň mejlisler zalynda çärä gatnaşýan mekdep okuwçylarynyň konserti boldy. Onda çagalar Täze ýyl, Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyz, batly gadamlarymyz, bagtly çagalyk, Gahryman Arkadagymyzyň beýik tutumlary hakyndaky aýdymlary uly joşgun bilen aýtdylar. Dowamly el çarpyşmalar bilen garşylanan çykyşlar çagalaryň sungat älemine aralaşmaga çalyşýandyklaryny görkezdi. Çagalaryň deňziň kenaryna ýörişi-de gyzykly boldy. Deňiz tolkunlary, pelpelläp uçýan guşlar, mawy giňişlikde ýüzüp ýören gämiler... ýaşlaryň hiç birini biparh goýmady.

«Daýanç» sagaldyş merkeziniň öňündäki uly arçanyň ýanynda guralan aýdym-sazly dabara köp adam ýygnandy. Şäheriň medeniýet merkeziniň aýdymçylarynyň aýdan aýdymlary, tans toparlarynyň ýerine ýetiren milli tanslary ýygnananlara ruhy lezzet paýlady. Baýramçylyk lybasyna giren çagalar Aýazbaba, Garpamyk bilen bilelikde Täze ýyl arçasynyň daşyna aýlandylar, goşgy okadylar. Bu ýere türkmen halk ertekileriniň gahrymanlary-da geldiler. Çaga kalbyndan çykýan şadyýan aýdymlaryň owazy töweregi gaplap aldy. Dabara uzak wagtlap dowam etdi.

 

Şamyrat BEGJANOW,

«Balkan» gazeti.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.