2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

Türkmenistanyň Kärdeşler
Arkalaşyklary

EZBERLER ÖŇE SAÝLANDYLAR

Ýakynda Babadaýhan şäherinde täze gurlup ulanylmaga berlen sport mekdebinde Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Babadaýhan etrap Geňeşiniň we etrap bilim bölüminiň guramagynda, etrapda zähmet çekýän bilim işgärleriniň, mugallymlaryň arasynda «Sport sagdynlygyň gözbaşydyr» diýen at bilen woleýbol boýunça toparlaryň arasynda bäsleşik geçirildi.

Bäsleşigiň birinji tapgyryna toparlaryň 14-si gatnaşdy. Bäsleşikde etrapdaky 1-nji, 19-njy, 4-nji, 10-njy we 3-nji, 11-nji orta mekdepleriň mugallymlaryndan düzülen woleýbol toparlary beýlekilerden has tapawutlanyp çykyş etdiler. Bäsleşigiň dowamynda sporty ösdürmek barada edilýän tagallalaryň ýerine düşýändigi aýdyň ýüze çykdy.

Netijede 1-nji orna 17-nji orta mekdebiň, 2-nji orna 4-nji orta mekdebiň, 3-nji orna 10-njy orta mekdebiň mugallymlaryndan düzülen woleýbol toparlary mynasyp boldular. Ýeňijilere Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Babadaýhan etrap Geňeşiniň taýýarlan ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşan bilim işgärleriniň sport bilen meşgullanmaga şeýle giň mümkinçilikler açýan Gahryman Arkadagymyzyň adyna aýdan alkyşly sözleriniň yzy üzülmedi.

 

Arzygül NEPESOWA,

Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Babadaýhan etrap Geňeşiniň hasapçysy.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.