2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

BASKETBOL, FUTBOL WE WOLEÝBOL BOÝUNÇA ÝARYŞ GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Saýat etrap birleşmesiniň, etrap bilim bölüminiň we etrap sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň bilelikde guramagynda orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda basketbol, futbol we woleýbol boýunça ýaryş geçirildi.

Etrabyň birinjiligini almak ugrunda guralan ýaryşa orta mekdepleriň ählisinden ýokary synp okuwçylaryndan düzülen ýygyndy toparlar gatnaşdy. Tomaşaçylaryň goldamaklarynda örän çekeleşikli geçen duşuşyklar ösüp gelýän nesliň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýänleriň, sport bilen çynlakaý meşgullanýanlaryň az däldigini görkezdi. Ýaryşlaryň ýeňijileri guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary hem-de gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy.

 

“Türkmen gündogary” gazeti




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.