2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

ÝÜREKLER BUÝSANÇDAN DOLY

Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli welaýat merkezi Balkanabat şäherindäki nebitçileriň medeniýet köşgünde dabaraly maslahat geçirildi. «Türkmennebit» döwlet konserniniň ýolbaşçylygynyň we kärdeşler arkalaşygy komitetiniň guran çäresinde çykyş edenler bu ýere ýygnananlary hünär baýramçylygy bilen gutladylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň berkarar döwletimizi okgunly ösdürmek, erkana hem zähmetsöýer halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşatmak, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak ugrunda amala aşyrýan işleri barada buýsanç bilen söhbet etdiler.

«Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe nebitgaz senagatyny netijeli ösdürmek, ýerasty baýlyklaryň geologiýa-gözleg işlerini ýokary derejelere çykarmak ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biridir. Ýangyç çig mal serişdelerini çykarýan, gaýtadan işleýän we eksport edýän önümçilikler döwletimize köp girdeji getirýän, geljegi uly ugurlardyr. Tamamlanyp barýan Türkmenistan—Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynda hem berkarar döwletimizde nebitgaz senagaty pudagynyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmaga, energiýa serişdeleriniň öndürilýän, gaýtadan işlenýän we eksport edilýän möçberlerini artdyrmaga gönükdirilen ençeme desgalar ulanylmaga berildi. Muňa mysal hökmünde welaýatymyzyň Gyýanly şäherçesinde ulanyşa girizilen, ýylda 386 müň tonna polietilen we 81 müň tonna polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumyny we beýlekileri görkezmek bolar. Gahryman Arkadagymyzyň nebitgaz senagatyny has-da ösdürmek ugrunda öňde goýýan aýdyň wezipelerim üstünlikli durmuşa geçirmek biziň esasy borjumyzdyr» diýlip, maslahatda aýratyn nygtaldy.

Dabaraly çärede aýdym-sazlar belentden ýaňlanyp, olarda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň, Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleriniň, zähmet merdanlarynyň waspy ýetirildi. Önümçiligiň öňdebaryjy işgärlerine we sport ýaryşlarynda ýeňiji bolanlara Hormat hatlary hem-de sowgatlar gowşuryldy.

Dabaraly maslahatyň ahyrynda toý sadakasy berlip, ýurdumyzy gülledip ösdürmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag. ömrüniň uzak bolmagy, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegi dileg edildi.

 

Toýmämmet REJEBOW,

«Balkan» gazeti.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.