2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

BITARAPLYK TOÝY TOÝLANDY

ÖŇŇIN Halkara Bitaraplyk güni eziz Diýarymyzda dabaraly bellenip geçildi. «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynyň çärelerini dabaralandyran şanly senäniň şanyna gadymy Ahal ýaýlasynda hem şatlyk-şowhunly baýramçylyk dabaralary geçirildi. Welaýatymyzyň şäherdir şäherçelerinde giň gerime eýe bolan dabaralara bagtyýar raýatlar egsilmez hyjuw bilen gatnaşdy.

Änew şäheri welaýat derejesindäki baýramçylyk çäreleriniň merkezine öwrüldi. Dabaralar günüň saba-säherinde welaýat häkimliginiň golaýyndaky Mukaddeslik meýdançasyndaky tomaşalardan başlandy. Bagtyýarlyk şuglasy çaýylan toý meýdançada ruhubelentlik alamaty höküm sürdi. Meýdança ýygnanan welaýat we etrap häkimlikleriniň, edara-kärhanalaryň, şol sanda harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, talyp we okuwçy ýaşlar, şeýle-de şäheriň ýaşaýjylary baýramçylyk mynasybetli Döwlet baýdagymyzyň al-asmana göteriliş dabarasyna sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar. Esgerleriň nyzam bilen milli buýsanjymyz bolan ýaşyl Tugumyzy baýdak sütüniniň ýanyna getirmegi, Döwlet senamyzyň ýaňlanmagynda we ýerine ýetirilmeginde Döwlet baýdagymyzyň belende göterilmegi, hemmeleriň göwünlerini galkyndyryp, egsilmez joşgun paýlady.

Rububelentlige beslenen şol ajaýyp pursat baýramçylyk dabarasyna badalga boldy. Toý meýdançasynda gutlag sözleri aýdyldy. Welaýat häkimi Şöhrat Amangeldiýew dabara gatnaşyjylary we olaryň üsti bilen welaýatymyzyň ähli ilatyny Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli gutlap, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 23 ýyllygynyň şanyna bellenilýän bu senäniň ähmiýeti hakynda durup geçdi. Welaýat häkiminiň çykyşynda bellenilişi ýaly, ýurdumyz dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy pugtalandyrmak ugrundaky halkara tagallalara saldamly goşant goşýar. Milli Liderimiziň bu ugurdaky başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly goldawa eýe bolmagy hem munuň aýdyň şaýadydyr. «Türkmenistan— Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda halkara gatnaşyklarda gazanylýan üstünlikler hormatly Prezidentimiziň sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga, sebitiň we dünýäniň döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek ugrundaky tagallalarynyň barha rowaç alýandygyna göz ýetirmek juda ýakymlydyr.

Welaýat häkimi hoşniýetlilik, dostluk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny gyşarnyksyz alyp barmak bilen, ata Watanymyzyň dünýäde eýeleýän ornuny hemmetaraplaýyn pugtalandyrýandygy üçin hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdy.

Dabarada Bäherden etrabynyň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Gurbangeldi Aýlyýewiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Baýramsoltan Myradowanyň gutlag çykyşlary hem diňlendi. Olar çykyşlarynda Halkara Bitaraplyk gününiň dünýäde ginden bellenilmeginiň gözbaşynda Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarydygy, ýurdumyzyň ynsanperwer syýasatynyň dünýä derejesinde ykrar edilýändigi bilen baglanyşykly hakykatyň durandygyny buýsanç bilen nygtadylar. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, bu gün hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty netijesinde ýurdumyzyň şan- şöhraty arşa göterilýär. Ýurdumyz oňyn Bitaraplygyň esasy ýörelgelerine eýermek bilen, sebitiň we dünýäniň halklarynyň bähbidine gönükdirilen işjeň daşary syýasaty amala aşyrýar hem-de halkara giňişliginde mynasyp orny eýeleýär. Munuň özi türkmeniň mertebesini Ýer ýüzünde has-da belende göterýär.

Dabara welaýat Medeniýet müdirligi tarapyndan taýýarlanan baýramçylyk çykyşlary bilen dowam etdi. Welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk çykyşlary edebi sazly kompozisiýa bilen başlandy. Artistleriň ussatlyk bilen ýerine ýetiren çykyşlarynda halkymyzyň baý taryhy we bu günki ýeten belent derejesi, ata Watanymyzyň Äleme ýaň salýan abraý-mertebesi öz beýanyny tapdy. Baýramçylygyň şagalaňyny belende göteren bu çykyş astynda howa şarlary hem-de parahatçylygyň nyşany bolan kepderiler al-asmana uçuryldy.

Welaýatymyzyň meşhur bagşylary Atageldi Saparowyň, Реnа Amanowyň «Iller», Ahmet Atajanowyň «Şatlanalyň», Rahym Esenowyň «Ýigide» diýen halk aýdymlary, «Ahal öwüşginleri», «Dürdäne», «Lälezar», «Altyn asyr». «Merdana» tans-halk döredijilik toparlarynyň milli öwüşginli tanslary toýçy märekäniň şatlygyna şatlyk goşdy. «Küştdepdi», «Sag bol, Arkadag!», «Öňe, öňe, diňe öňe jan Watanym Türkmenistan!» ýaly joşgunly aýdym-sazlar baýramçylyk dabarasynyň jemleýji çykyşlary hökmünde kalplary alaýaza getirdi. Eziz Diýarymyzyň, bagtyýarlyga beslenen döwrümiziň, hormatly Prezidentimiziň belent tutumly işleriniň, dost-doganlygyň waspy toý çykyşlarynyň özenini düzdi. Halkara Bitaraplyk gününiň dabaralary ýakymly duýgular bilen ýatda galdy.

 

Aýdo ŞEKEROW,

“Ahal durmuşy” gazeti




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.