2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Ak bugdaý etrap merkezindäki «Bagt ýyldyzy» toý mekanynda baýramçylyk dabarasy geçirildi. «Bitaraplyk — bagtymyzyň binýady» atly dabara edara-kärhanalaryň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, oba zähmetkeşleri, ýaşululardyr mährem eneler gatnaşdy.

Naz-nygmatly toý saçagynyň başynda ýygnananlar gutlag çykyşlarynda buýsançly zamanamyz, eziz Diýarymyzyň gülläp ösüşleri, ata Watanymyzyň barha arşa göterilýän şan-şöhraty, Gahryman Arkadagymyzyň dünýäde gyzgyn goldaw tapýan döwletli başlangyçlary dogrusynda söhbet açdylar hem-de türkmeniň abraý-mertebesini arşa göterendigi üçin milli Liderimiziň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Etrap häkimliginiň, TDP-niň etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň medeniýet bölüminiň bilelikde guramagyndaky baýramçylyk dabarasy aýdym-sazlaryň hoş owazlaryna utgaşdy. Etrabyň medeniýet we sungat işgärleriniň belent owazly, joşgunly çykyşlarynda ata Watanymyzyň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplyk derejämiziň, asuda durmuşymyzyň, dost-doganlygyň buýsançly waspy öz beýanyny tapdy. Aýdym-sazly çykyşlar hemmelerde şatlyk duýgusyny döretdi. Soňra halk hojalygynyň dürli pudaklarynda tapawutlanyp zähmet çekýän öňdebaryjy işgärlere baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.

 

Hanmuhammet AMANGULYÝEW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň  Ak bugdaý etrap birleşmesiniň başlygy.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.