Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ASUDALYGYŇ ŞUGLASY

Eziz Diýarymyzyň ähli ýerinde bellenilip geçilişi ýaly, Halkara Bitaraplygynyň şanly baýramçylygyna bagyşlanyp, Tagtabazar etrabynyň medeniýet köşgünde «Bitaraplyk parahatçylygyň we asudalygyň şuglasy» diýen at bilen aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi. Baýramçylyk çäresi etrap häkimligi, TMÝG-niň etrap geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi we etrap medeniýet bölümi bilen bilelikde gurnaldy. Baýramçylyk çäresine önümçiligiň öňdebaryjylary, ýaşlar, jemgyýetçilik guramalary, il sylagly.ýaşulular, mährem eneler gatnaşdylar.

Dabarada etrap häkiminiň orunbasary Oraz Gullyýew çykyş edip, baýramçylyk çäresine gatnaşyjylary Halkara Bitaraplygymyzyň 23 ýyllyk baýramçylygy bilen gutlady. Soňra bu ýerde etrap medeniýet bölüminiň hünärmeni, şahyr Gurbangül Babaýewa we beýlekiler çykyş edip, Bitaraplygymyzyň beren miweleri barada ýürek joşgunlaryny beýan etdiler. Şatlyk-şowhuna beslenen dabaraly aýdym-sazly çärede etrap medeniýet bölüminiň, «Pendi nagmalary» folklor toparynyň tansçylarydyr aýdymçylarynyň ýerine ýetiren çykyşlary şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Baýramçylyk çäresinde Täçmuhammet Muhammetniýazowyň, Ýeňiş Hezretgulyýewiň, Aýlar Rahmanowanyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren şirin owazly aýdymlary baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylaryň kalplaryny joşa getirdi.

 

Maral SEÝITJANOWA,

TÝMG-niň Tagtabazar etrap geňeşiniň başlygy.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.