2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

ÝETGINJEKLERIŇ BASKETBOL ÝARYŞY

«Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýyly mynasybetli Tejen şäheriniň sport mekdebinde 2003-2004-nji ýylda doglan ýetginjekleriň arasynda basketbol boýunça welaýatyň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Ony Ahal welaýat Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi gurady.

Ýaryş aýlaw görnüşinde geçirilip, onda toparlaryň altysy öz aralarynda gyzykly duşuşyklary alyp bardy. Ýaş nesliň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegini, sporty özüne hemra edinmegini gazanmak hem- de olaryň sport ussatlygyny ýokarlandyrmak, şeýle-de güýçli toparlary ýüze çykarmak we höweslendirmek maksady bilen geçirilen ýaryş ýetginjek basketbolçylaryň başarnygyny aýdyň görkezdi. Basketbol oýnunyň janköýerleri toparlaryň öz aralaryndaky duşuşyklaryny gyzyklanma bilen synladylar.

Tejen şäheriniň we Tejen etrabynyň toparlarynyň ýaryşa has taýýarlykly gelendigini ýaryşyň aýgytlaýjy duşuşygy has aýan etdi. Bu iki toparyň öz aralaryndaky duşuşygy ýer eýeleriniň — Tejen şäheriniň toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy. Şeýlelik-de, Tejen etrabynyň topary ikinji orun bilen oňmaly boldy, baýrakly üçünji orny bolsa Babadaýhan etrabynyň topary eýeledi. Ýeňijilere Ahal welaýat Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň hormat hatlary gowşuryldy.

 

Baýram PETDIKOW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.