2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

KANUNY DÖWLET KUWWATLYDYR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy ähli babatda gülledip ösdürmek, onuň şan-şöhratyny arşa götermek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, şonuň bilen baglanyşykly milli kanunçylygy kämilleşdirmek ugrunda guwandyryjy işler amala aşyrylýar. Şu ýylyň 1-nji dekabrynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň dördünji maslahatynda hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe täze kanunlaryň we kadalaşdyryş-hukuk namalaryň kabul edilmegi hem munuň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Maslahatda "Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynyň hem ara alnyp maslahatlaşmagy juda ähmiýetli boldy. Bilşimiz ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ilatymyzyň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny wagyz-nesihat etmek we giňden ornaşdyrmak, alkogolly içgileriň zyýanly täsiriniň öňüni almak, raýatlarymyzyň saglyk ýagdaýyny we abadançylygyny has-da gowulandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, bu ugurda netijeli we toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen milli maksatnamalar kabul edilýär we durmuşa geçirilýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak sagdynlygyň hem-de bagtyýarlygyň gözbaşyna öwrülýär. Hormatly Prezidentimiziň hut özi sportda we sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmekde hemmelere görelde bolýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň biziň ýurdumyzyň başlangyjy esasynda 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmegi ýurdumyzda ynsan saglygyna ýokary derejede uly üns berilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Zyýanly endikleriň biri hasaplanýan alkogolly içgileri köp ulanmak adamlary maýyplyga hem-de heläkçilige getirýän kesel dörediji esasy sebäpleriň biri bolup durýar. Alkogolyň ulanylmagyna garşy döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek ykdysady nukdaýnazardan hem bähbitli bolup durýar. Şu nukdaýnazardan hem-de Türkmenistanyň häzirki we geljekki nesilleriniň ömrüni we saglygyny alkogoly ulanmagyň netijelerinden goramak maksady bilen Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan «Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy hem-de ara alnyp maslahatlaşyldy. Onda raýatlary alkogolyň zyýanly täsirinden goramaga, alkogolly içgilere bolan islegi azaltmaga, alkogolyň ulanylmagy bilen bagly keselleriň öňüni almaga, ýurdumyza getirilýän alkogol önümleriniň düzümine gözegçilik etmäge, ilatyň arasynda alkogolyň zyýany barada wagyz-nesihat işlerini geçirmäge, bu barada raýatlarymyzyň sowatlylygyny artdyrmaga, alkogolly içgileriň bikanun söwdasyna garşy göreşmäge gönükdirilen kadalar düzgünleşdirilýär.

Şeýle hem onda alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak çygrynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi we gözegçiligi amala aşyrýan döwlet edaralary hökmünde Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi, Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligi we öz ygtyýarlygynyň çäklerinde beýleki döwlet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary görkezilýär we olaryň öz ugurlary boýunça alyp barýan işleri giňişleýin beýan edilýär.

Şeýle-de, kanunyň taslamasynda alkogol önüminiň öndürilişine we dolanyşygyna birnäçe talaplar bildirilýär hem-de onuň ulanylmagyna çäklendirmeler girizilýär. Oňa laýyklykda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ýuridiki şahslara, şeýle hem hususy telekeçilere degişli ygtyýarnamasy bolan mahalynda Türkmenistanyň çäginde alkogol önüminiň dolanyşygyny amala aşyrmaga rugsat berilýär. Kanunda olar tarapyndan alkogol önümi öndürilen mahalynda hökmany berjaý etmeli borçlary berkidilýär.

Kanun taslamasynyň kabul edilmegi raýatlaryň alkogoly ulanmagyň zyýanly täsiri baradaky düşünjeleriniň artmagynda, adamzadyň saglygyna ýaramaz täsir edýän alkogol içgilerine garşy göreşmekde, adamlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmakda, ömür dowamlylygyny artdyrmakda, şeýle hem ýurdumyzda ýol-ulag hadysalaryny azaltmakda, maşgala abadançylygyny üpjün etmekde, jenaýatçylygyň öňüni almakda uly ähmiýete eýe bolýar.

«Döwlet adam üçindir!» diýen baş taglymata laýyklykda, il-günümiziň eşretli durmuşy ugrunda beýik işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, döwletli tutumlarynyň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

 

Baýramsoltan MYRADOWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.