Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

FUTZALÇY ZENANLARYŇ ÜSTÜNLIGI

Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň sport desgasynda zenanlaryň arasynda futzal boýunça geçirilen ýurdumyzyň çempionaty Ahal welaýatynyň toparynyň üstünligi bilen tamamlandy. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi hem-de Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan guralan bu ýaryşa paýtagtymyzdan we ýurdumyzyň welaýatlaryndan toparlar gatnaşdy.

Şu ýylyň 25-nji noýabrynda badalga alan duşuşyklar aýlaw tertibinde geçirilip, birnäçe tapgyrdan ybarat boldy. Şonda welaýatymyzyň zenanlary diýseň şowly çykyş etdiler. Olar garşydaş toparlarynyň ählisi bilen örän ýiti we çekeleşikli oýun alyp bardylar hem-de duşuşyklaryny ýeňiş bilen tamamladylar. Bu bolsa ahally zenanlaryň nobatdaky üstünligini şertlendirdi.

 

Gülälek AGALYKOWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň işgäri.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.