2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

HABARLAR

Ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda dowam edýän «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly Spartakiadanyň çäklerindäki ýaryşlar biziň etrabymyzda hem gyzgalaňly geçýär. Ine, ýakynda etrabyň orta mekdepleriniň oglanlaryň arasynda woleýbol ýaryşy tamamlandy.

Bäsleşikde baş baýraga 26-njy orta mekdebiň topary mynasyp boldy. 37-nji orta mekdebiň topary ikinji, 2-nji orta mekdebiň topary bolsa üçünji orunlary eýelediler.

Baýrakly orunlary eýelän toparlara Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

 

Hudaýnazar DURDYÝEW,

Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Kӧneürgenç etrabyndaky ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Geňeşiniň başlygy.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.