Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

WOLEÝBOLÇYLAR ÝARYŞDYLAR

Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan kemal tapan bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň agzybir halkynyň her bir güni ýatdan çykmajak wakalara, aýdym-sazly dabaralara beslenýär.

Bagtyýar raýatlarymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda yzygiderli geçirilýän medeni köpçülikleýin çärelere uly ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Şu günler güneşli Diýarymyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, biziň etrabymyzda hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakynda kabul eden Kararnamasy mynasybetli dürli çäreler, dabaralar we ýaryşlar giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar.

Etrap merkezindäki döwrebap 3-nji sport mekdebinde geçirilen woleýbol boýunça ýaryş hem şu senä bagyşlandy. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Dänew etrap birleşmesi hem-de etrabyň sport we ýaşlar syýasaty bölümi tarapyndan geçirilen ýaryşa edara-kärhanalarda, daýhan birleşiklerinde zähmet çekýän erkeklerden düzülen toparlaryň altysy gatnaşdy. Turuwbaşdan gyzykly we ruhubelent ýagdaýda geçen ýaryşda Dänew şäheriniň ýygyndy topary ýeňiji boldy. Garaşsyzlyk şäheriniň türgenleri ikinji orna, seýdili woleýbolçylar baýrakly üçünji orna mynasyp boldular. Ýeňiji bolan toparlar ýaryşy guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar bilen dabaraly ýagdaýda sylaglandylar.

Bu ýaryş ata Watanymyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň hem-de bedenterbiýe we sportuň ilat arasynda barha rowaçlanýandygyny ýene bir gezek aýan etdi.

 

Magtymguly JUMAÝEW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Dänew etrap birleşmesiniň başlygy.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.