Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÝARYŞ GÜÝÇLÜLERI SAÝLADY

Şu günler Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Ak bugdaý etrabynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirilýär. Etrabyň sport mekdebinde sportuň erkin göreş görnüşi boýunça geçirilen etrabyň açyk birinjiligi hem şeýle ýaryşlaryň biri boldy. Ony etrabyň sport we ýaşlar syýasaty bölümi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi bilelikde gurady.

2006 — 2008-nji ýylda doglan ýetginjekleriň arasynda geçirilen ýaryşa welaýatymyzyň beýleki şäherdir etraplaryndan hem-de paýtagtymyzdan gatnaşmaga isleg bildiren türgenler köp boldy. Ýaryşyň açylyş dabarasynda ol ýere ýygnanan ruhubelent türgenlere üstünlik arzuw edildi hem-de sportda barha taplanyp, geljekde ýurdumyzyň sport abraýyny belent derejelere çykarjak güýçli sportçular bolup ýetişmekleri ugrunda gymmatly nesihatlar aýdyldy.

Mekdebiň döwrebap derejede enjamlaşdyrylan giň zalynda ýaryşa badalga berildi. Erkin göreş boýunça güýçli türgenleri ýüze çykarmak, höweslenmek hem-de olaryň ýokary derejedäki ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmegini gazanmak maksady bilen geçirilen ýaryşda ýetginjekler agram derejeleriniň 9-sy boýunça ezberligini görkezdiler.

Etrabyň açyk birinjiligi degişli agram derejeleri boýunça iň güýçlüleri ýüze çykardy. Şeýlelikde, 23 kilogram agram derejesinde paýtagtymyzdaky ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatynyň okuwçysy Kerim Amangeldiýew, 26 kilogram agramda Ak bugdaý etrabyndan Kuwwat Pudakow, 29 kilogram agramda Tejen şäherinden Myrat Amanow, 32 kilogram agramda Ak bugdaý etrabyndan Guwanç Atageldiýew, 35 kilogram agramda şol etrapdan Begenç Muhammedow, 38 kilogram agramda Tejen şäherinden Şatlyk Durdygulyýew, 42 kilogram agramda paýtagtymyzdan Bagtyýar Annadurdyýew, 47 kilogram agramda Ak bugdaý etrabyndan Atamyrat Allaberdiýew, 53 kilogram agram derejesinde bolsa şol etrapdan Şatlyk Döwletow ýeňiji boldy.

Ýapylyş dabarasynda ýaryşyň örän guramaçylykly geçendigi we maksadyna ýetendigi bellenilip, ýeňijilere Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň sowgatlary gowşuryldy.

 

Hanmuhammet AMANGULYÝEW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ak bugdaý etrap birleşmesiniň başlygy.

 

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.