Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

KUBOK — GÜÝÇLI TOPARDA

Änew şäherindäki 350 orunlyk sport mekdebinde 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda küşt ýaryşy geçirildi. Küşt boýunça kubogy eýelemek ugrunda geçirilen bu ýaryşa welaýatymyzyň ähli ýerinden ýaş küştçüleriň onlarçasy gatnaşdy.

Welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi tarapyndan guralan ýaryşyň açylyş dabarasynda çykyş edenler oňa gatnaşyjylara üstünlik arzuw etmek bilen, hormatly Prezidentimiziň sporty we bedenterbiýäni ösdürmek ugrundaky tagallalaryna alkyşly sözlerini aýtdylar. Soňra ýaryşa badalga berildi.

Akyl-paýhas oýnunyň muşdaklarynyň sanynyň az däldigini duşuşyklar aýdyňlygy bilen görkezdi. Sport zalyna ýygnanan ýaşlar küştçi oglan-gyzlaryň küşt boýunça özara duşuşyklaryna uly höwes bilen syn etdiler.

Duşuşyklar uly gyzyklanma döretdi. Olaryň netijesinde güýçlüler öňe saýlandy hem-de ýeňijiler toparlaýyn kesgitlendi. Netijede, Gökdepe etrabynyň Babarap obasyndaky ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatynyň okuwçylary toparlaýyn birinji orny eýeläp, ýaryşyň kubogyny gazandylar. Gökdepe etrabynyň topary ikinji, Bäherden etrabynyň topary bolsa, üçünji orunlara mynasyp boldular. Baýrakly orunlary eýelän toparlara welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň hormat hatlary gowşuryldy.

 

Döwrangeldi HOJAMGULYÝEW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň işgäri.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.