Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

GYZYKLY GEÇEN ÝARYŞ

Golaýda şanly Bitaraplygymyzyň 23 ýyllygyna bagyşlap Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Bereket etrap Geňeşi etrabyň bilim işgärleriniň arasynda kiçi futbol boýunça bäsleşik geçirdi.

Gyzykly geçen bäsleşikde etrapdaky 3-nji orta mekdebiň topary 1-nji orna, 20-nji orta mekdebiň topary 2-nji orna, 15-nji orta mekdebiň topary 3-nji baýrakly orunlara mynasyp boldular.

Ýeňiji bolan toparlara Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Bereket etrap Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Begaly AKMÄMMEDOW,

Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Bereket etrabyndaky ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Geňeşiniň başlygy.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.