Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

MEDENI-SPORT ÇÄRESI

«Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynyň her bir güni şanly wakalara, dabaraly çärelerdir sagdynlygy wagyz edýän sport çärelerine beslenýär.

Ýakynda Serdar etrap bilim bölüminiň, Serdar etrabynyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Serdar etrap birleşmesi we beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde geçiren sport çäreleri örän gyzykly boldy.

Etrabyň sport mekdebiniň sport meýdançalarynda, orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylarynyň sportuň futbol, woleýbol, basketbol, kiçi futbol, tanap çekmek, tennis, ýaglyga towusmak, daş götermek ýaly görnüşleri boýunça ýaryşlary guraldy. Geçirilen sport ýaryşlaryna Serdar etrap Sport mekdebiniň halypa mugallymlary eminlik etdiler.

Sport ýaryşynyň ýeňijilerine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Serdar etrap birleşmesiniň Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy. «Sagdynlyk we bagtyýarlyk» ady bilen geçirilen medeni-sport çäresiniň soňy Serdar etrap medeniýet bölüminiň Medeniýet merkeziniň aýdymçy ýaşlarynyň ýerine ýetirlen aýdym-sazlaryna utgaşyp gitdi.

 

Döwlet TATAROW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Serdar etrap birleşmesiniň başlygy

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.