2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

TÜRGENLERIMIZE BUÝSANÝARYS

Gahryman Arkadagymyzyň türkmen sportuny ösdürmekde we onuň şan-şöhratyny, halkara abraýyny dünýä ýaýmakda bitirýän ajaýyp işleri Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzy dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwürdi.

Gözel paýtagtymyzda geçirilýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna 100-e golaý döwletden gelen daşary ýurtly türgenler bilen bir hatarda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň türgenleri hem gatnaşdylar. Bu halkara ýaryşyň ilkinji günlerinde agyr atletikanyň 45 kilogram agram derejesinde çykyş eden ildeşimiz, Türkmenistanyň Sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Ýulduz Jumabaýewanyň agramlygy silkip we itekläp götermekde degişli 2-nji hem-de 3-nji orunlary eýelemegi bizi buýsandyrýar. Bu ynamly ýeňiş Berkarar döwletimizde türkmen sportunyň has-da gülläp ösýändiginiň aýdyň beýany boldy.

 

Döwran ATAÝEW,

Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Akdepe etrabyndaky ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Geňeşiniň başlygy




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.