2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

DOKMA SENEDINIŇ USSATLARY

Halallykdan kemal tapan halkymyz Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynyň her gününi uly zähmet üstünliklerine, ýeňişlere besleýär. Gazanylýan rowaçly ösüşlerde bolsa ýurdumyzyň dokma senagaty pudagynyň zähmetsöýer işgärleriniň-de mynasyp paýy bar. Bagtyýar döwrümizi has-da dabaralandyrmak, hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyny wagyz etmek, ýaş nesliň millilik we watançylyk duýgularyny galkyndyrmak, döredijilik höwesini artdyrmak we zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen Türkmenabat şäherindäki «Bagt guşy» toý-dabaralar merkezinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň guramagynda «Dünýäniň görküdir mährem eneler» atly bäsleşik geçirildi. Oňa welaýatymyzyň dokma senagaty ulgamynda zähmet çekýän dokmaçy gyzlaryň 8-si gatnaşdy. Çeper elli, süýji sözli, güler ýüzli dokmaçy gyzlar öz aralarynda bäsleşigiň özüňi tanyşdyrmak, hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyndan bir rowaýaty gürrüň bermek hem-de ata Watanymyzy, ajaýyp döwrümizi, mährem enelerimizi wasp edip, aýdym aýtmak şertleri boýunça bäsleşip, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Netijede Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Täzegül Durdyýewa birinji, Türkmenabadyň Ýüpek önümçilik birleşiginiň dokmaçysy Jemal Hudaýnazarowa we Seýdi şäher pagta egriji fabriginiň egrijisi Ejegyz Çaryýewa ikinji, Türkmenabadyň tikin fabriginiň tikinçisi Aýbölek Azadowa, Türkmenabat pagta egriji fabriginiň enjam arassalaýjysy Dursunjemal Rozybaýewa dagy bolsa üçünji orunlara mynasyp boldy. Ýeňijilere kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi tarapyndan taýýarlanylan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Bäsleşigiň dowamynda Türkmenabat şäher medeniýet merkeziniň aýdymçylarynyň ata Watanymyzy, mährem enelerimizi, Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda durmuşa geçirilýän özgertmeleri wasp edip aýdan şirin aýdymlary hemmeleriň göwünlerini galkyndyrdy, dokma önümleriniň ajaýyp sergisi bolsa ildeşlerimizde ýakymly tasirleri galdyrdy.

 

Jennet RAIMBAÝEWA,

ýörite habarçymyz.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.