Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

SPORT BÄSLEŞIGI

Golaýda Görogly etrabynyň mekdep okuwçylarynyň arasynda nobatdaky 10-njy spartakiada ýaryşyna badalga berildi. «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Görogly etrap bölümi we etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen ylalaşyp düzülen iş meýilnamasy esasynda sportuň «kiçi futbol» görnüşi boýunça ýaryş geçirildi.

Ýaryş etrabyň 1-nji sport mekdebiniň futbol meýdançasynda geçirildi. Mekdep okuwçylaryndan düzülen toparlar sportuň «kiçi futbol» görnüşi boýunça öz ukyp- başarnyklaryny görkezdiler. Gyzykly geçen bu ýaryşda 1-nji orna Görogly etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň topary, 2-nji orna 50-nji orta mekdebiň topary, 3-nji orna 65-nji orta mekdebiň topary mynasyp boldular.

Bäsleşigiň ahyrynda ýeňiji bolan toparlara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Görogly etrap birleşmesi tarapyndan baýraklar we «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Görogly etrap bölümi tarapyndan Hormat hatlary gowşuryldy.

Asuda hem abadan Watanymyzda milli sportumyzy ösdürmäge, ýaşlarymyzy ruhy hem beden taýdan sagdyn edip terbiýelemäge döredýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza alkyşymyz çäksizdir.

 

Şageldi BERDIÝEW,

Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Görogly etrap Geňeşiniň başlygy.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.