Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

SAGDYNLYGYŇ BAÝRAMY

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda pederlerimiziň arzuwlan döwletli döwranyna ýeten halkymyz röwşen ertirlere ynamly gadam urýar. Gahryman Arkadagymyzyň il-günümiz barada edýän taýsyz tagallalary ýüreklere söýgi, göwünlere buýsanç bolup siňýär. Ýurdumyzyň her bir raýaty özi barada edilýän aladany duýup, görüp ýaşaýar. Ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzyň medeniýet, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda hem belent sepgitlere ýetildi.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen baý milli medeniýetimiz dünýä ýaýylýar. Bu halkara gatnaşyklarda-da aýdyň ýüze çykýar. Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň daşary ýurtlarda geçirilmegi we daşary ýurtlaryň Medeniýet günleriniň paýtagtymyzda geçirilmegi halklaryň bir-birine ýakynlaşmagyna, dostana gatnaşyklaryň işjeň häsiýete eýe bolmagyna oňyn täsir edýär. Her ýylda bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe gabatlanyp Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi indi däbe öwrüldi. Bu dabaraly çärelerde asyrlaryň dowamynda kämilleşen milli däp-dessurlarymyzy, gyz-gelinleriň nusgalyk el işlerini, türkmen zergärleriniň sünnälän şaý-seplerini ýakyndan synlamaga giň mümkinçilik bolýar. Medeniýet hepdeligine gatnaşýan myhmanlar Diýarymyzda ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärlikler bilen tanyşýarlar, baýramçylyk günlerinde türkmeniň myhmansöýerligi ýene bir ýola äleme ýaýylýar.

Ösüşli-özgerişli günlerimize buýsanyp, Diýarymyzyň görküne görk goşýan ymaratlary synlanyňda, olaryň arasynda sport mekdepleriniň we sport toplumlarynyň bolmagy aýratyn ünsüňi çekýär. Bu ymaratlaryň ýaş nesilleriň iň gelim-gidimli ýerine öwrülendigi barada pikir öwreniňde buýsanjyň goşalanýar.

Munuň özi ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerini saýlap alýandyklaryndan habar berýär. Bu sportuň görnüşleri bilen meşgullanýan, sagdyn bedenli ýaş nesilleriň kemala gelýändiginden nyşandyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Watanymyz sport baýramçylygynyň yzygider geçirilýän mekany hökmünde meşhurlyga eýe bolýar. 2017-nji ýylda paýtagtymyz Aşgabatda uly şatlyk-şowhuna beslenen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary taryha altyn harplar bilen ýazyldy. Türkmen türgenleriniň gazanan ýeňişleri her bir ildeşimiziň buýsanjy bolup kalplarda ýaşaýar.

Sportuň, dost-doganlygyň baýramy bolan «Aşgabat 2017» oýunlary milli medeniýetimiziň hem dünýä çykmagyna täze mümkinçilik boldy. Şol şanly günlerde Olimpiýa şäherçesi dürli sport bäsleşikleri, aýdym-saz bilen joşdy. Türkmen türgenleriniň sportuň dürli ugurlary boýunça gazanan netijeleri ýurdumyzda sport we köpçülikleýin bedenterbiýe bilen meşgullanmaga ähli mümkinçilikleriň açylandygyny jahana ýaýdy.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda «Amul — Hazar 2018» Halkara awtoralliniň geçirilmegi şanly wakalaryň üstüni ýetirdi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň sportuň we köpçülikleýin bedenterbiýäniň her bir adamyň gündelik durmuşyna ornaşmagy babatda amala aşyrýan işleriniň rowaçlyklara beslenýändiginden nyşandyr. Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça «Amul — Hazar 2018» Halkara awtoralliniň çäklerinde geçirilen ylgaw we welosiped ýaryşlarynyň üstünlikli geçendigi ildeşlerimiziň ruhubelentligini artdyrdy. Ähli welaýatlarymyzda türgenler aýdym-saz bilen garşylandy. Bu sport çärelerine bagyşlanan media forumlar geçirildi. Olarda ýurdumyzda sportda gazanylýan üstünlikler barada giňişleýin pikir alyşmalar täsirliligi bilen özüne çekdi.

«Amul — Hazar 2018» Halkara awtoralliniň Garagum sähralyklaryndan geçmegi has-da bellärliklidir. Çünki bu iri sport çäresine gatnaşan myhmanlar ýurdumyzyň täsinlikleri bilen ýakyndan tanyşdylar. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklerimiz, Garagum sähralyklaryna täze öwüşgin çaýan «Altyn asyr» Türkmen köli, «Garagum ýalkymy» myhmanlarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

Şu gün dünýäniň sport janköýerleri ýurdumyzda ýene-de bir sport baýramynyň başlanmagyny dabara bilen garşy alýarlar. Paýtagtymyzda geçirilýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty ýurdumyzyň sport paýtagtydygyna şaýatlyk edýär. Bu sport çäresi halklaryň dostana gatnaşyklaryny täze belentlige çykarar. Şeýle hem türkmen türgenleriniň bu ugur boýunça-da ussatlygyny açyp görkezer. Munuň özi ýeňişli hem buýsançly günlerimiziň dowamlydygyny ýene äleme aýan eder.

Ähli rowaçlyklarymyzyň we üstünliklerimiziň dowamly bolmagyna giň mümkinçilikleri açýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris!

 

Ene MÄMMEDOWA,

Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy.

 

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.