Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

JAHANA ÝAŇ SALÝAN SPORT BAÝRAMÇYLYGY

Eziz Arkadagymyzyň: «Sport — gujur-gaýratyň, gözelligiň we sagdynlygyň gözbaşydyr. Ogul-gyzlarymyzda çagalykdan başlap sport endiklerini kemala getirmek olaryň uzak we sagdyn durmuşda ýaşamagynyň girewidir. Ýaşlara berjek nesihatym, sporty söýüň! Sporta bolan söýgi durmuşa bolan söýgüdir» diýen sözleri, ine, indi ençeme ýyllardyr ildeşlerimiziň, aýratyn-da, ýaşlarymyzyň kalbynda bu ugra bolan höwesiň hem-de yhlasyň gözbaşy bolup ýaşaýar.

Hawa, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň diňe birnäçe ýylynyň içinde eziz Diýarymyz dünýäniň ösen döwletleriniň birine öwrüldi. Ata Watanymyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň Diýaryna öwren mähriban ýurt Baştutanymyzyň taýsyz tagallalarynyň miwesi bolan ajaýyp sport desgalarynyň onlarçasy beden we ruhy sagdynlyk ýörelgesini hemra edinen adamlaryň täze nesliniň kemala gelmegine şert döretdi. Ajaýyp sport toplumlarynyň birgidenini özünde jemläp oturan, gözel paýtagtymyzyň görküne täze öwüşgin çaýan Olimpiýa şäherçesi bolsa häzirki wagtda halkara derejeli ýaryşlaryň yzygiderli geçirilýän mekanyna öwrüldi. Guwanç bilen bellemeli zat, bu ajaýyp we gaýtalanmajak gözelligi, dünýä ülňülerine laýyk gelýän, özi-de häzirki zamanyň iň kämil tehnologiýalary ornaşdyrylan şol binalarda geçen ýyl geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň gyzgalaňly ýaryşlary heniz-henizlerem oňa gatnaşan türgenleriň, paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň, bäsleşiklere tomaşa etmäge gelen daşary ýurtly janköýerleriň müňlerçesiniň ýadyndan çykar ýaly däl.

Ine, häzirki wagtda bolsa dünýäniň sport muşdaklarynyň, habar beriş serişdeleriniň, halkara sport guramalarynyň köpsanly wekilleriniň ünsüni bir ýere jemlän Olimpiýa şäherçesi jahanyň ýüz ýurdundan gelýän iň güýçli adamlaryň gatnaşmagynda geçirilýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny garşylaýar. Russiýa Federasiýasyndan, Türkiýe Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Gruziýadan, Bolgariýadan, Amerikadan we beýleki ýurtlardan geljek dünýä we Ýewropa çempionlarynyň, geljegine uly ynam bildirilýän süňňi berdaşly pälwanlaryň gatnaşmagynda ýaryşlaryň geçiriljek ýeri bolan bäş müň orunlyk Başa-baş söweş sungaty sport toplumy bolsa özüniň täsin keşbi, abzallaşdyrylyşy, türgenler üçin döredilen şertleri bilen haýrana goýýar. Nesip bolsa, bu ýerde ýakynda her agram derejesinde ýeňiji bolan ussada hem-de baýrakly orunlary eýeleýän türgenlere ajaýyp medallar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.

Gahryman Prezidentimiz tutuşlygyna alanyňda ak şäherimiz Aşgabadyň, gözel ýerleriniň abadanlaşdyrylyşynyň alnyp barlyşy, Olimpiýa şäherçesiniň açylyş dabarasy joşguna beslenjek Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna taýýarlygy bilen hemişe gyzyklanyp geldi. Ýakynda Olimpiýa şäherçesinde bolup, dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň iýmitlenmegi, ýaşamagy, dynç almagy we türgenleşjek işlerini geçirmegi üçin döredilen şertler bilen tanyşdy.

Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty, sözüň doly manysynda, sporty parahatçylygyň, abadançylygyň we agzybirligiň gözbaşy saýýan eziz Arkadagymyzyň sport ulgamynda amala aşyrýan beýik işleriniň ykrarnamasydyr.

 

Leýli GOWŞAKOWA,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň esasy hünärmeni.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.