2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

GENDER SYÝASATYNYŇ DURMUŞA GEÇIRILMEGI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzda zenanlar jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady ulgamlarda alnyp barylýan işlere erkek adamlar bilen bir hatarda deňhukukly gatnaşýarlar. Munuň özi ýurdumyzda gelin-gyzlaryň jemgyýetde we ykdysady durmuşda eýeleýän ornunyň barha giňeýändigine, döwletimizde gender syýasatynyň doly suratda amal edilýändigine şaýatlyk edýär.

Ýakynda Türkmenbaşy dokma toplumynyň mejlisler zalynda, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen bilelikde guramagynda «Gender deňligi — zenan mertebesi» diýen at bilen maslahat geçirildi. Oňa dokma pudagynda zähmet çekýän gelin-gyzlar gatnaşdylar.

Maslahatda ýurdumyzda zenanlaryň hukuklarynyň goraglylygy, deňhukuklylygy, her bir maşgalanyň abadançylygy we jemgyýetiň ösmegi, sagdyn ruhly kämil şahsyýetleriň kemala gelmegi ugrunda maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygy barada giňişleýin söhbet edildi. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, Türkmenistanda gender syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygy barada buýsançly bellenildi. Ýurdumyzda kabul edilýän kanunlaryň mazmunynda zenanlaryň we erkekleriň deňhukuklylygyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen kadalaryň öz beýanyny tapýandygy esasy üns merkezinde boldy.

Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eserinde ene mukaddesliginiň juda belende galýandygy, munuň türkmen halkynyň milli döwletliliginiň nyşany bolup dünýä ýaýylýandygy buýsançly sözler bilen beýan edildi. Gahryman Arkadagymyzyň enelere, gelin-gyzlara hormatynyň bütin dünýä nusgalyk bolup şugla saçýandygy çykyş edenleriň dilleriniň senasyna öwrüldi.

Maslahata gatnaşanlaryň zenan mertebesini juda belentde tutýan Gahryman Arkadagymyzyň adyna aýdýan alkyşly sözleriniň yzy üzülmedi. Olar hormatly Prezidentimiziň janynyň sag we umumadamzat bähbitli oňyn başlangyçlarynyň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

 

Ýörite habarçymyz.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.