2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

DÜZGÜNNAMA

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HORMATLY GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ BAŞLANGYJY BILEN YGLAN EDILEN TÜRKMENISTAN – BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÝÜREGI ÝYLYNA BAGYŞLANYLYP GEÇIRILÝÄN DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGINIŇ

DÜZGÜNNAMASY

 

I. Bäsleşigiň maksady

Bu döredijilik bäsleşiginiň maksady:

– Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitaby esasynda Türkmenistanyň siwilizasiýanyň ösüşine goşan goşandyny, dahyllydygyny, döwrebap eserleri döretmek, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen jemgyýetiniň milli mirasyny baýlaşdyrmak, ata-babalarymyzyň döreden sungat gözelligini wasp etmek, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryndaky gazanan üstünliklerini açyp görkezmek, türkmen şekillendiriş we amaly-haşam sungatyny ösdürmek, ösüp gelýän ýaş neslimizde watançylyk duýgusyny terbiýelemek, olaryň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmak we dünýä medeniýetine goşant goşmak işlerini güýçlendirmekden;

– Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda beýan edilýän baý hem~de gymmatly edebi mirasy, dünýewi garaýyşlary, pelsepe älemi esasynda türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjiligini, Watana bolan söýgüsini, ygrarlylygyny, mähriban Watanymyzyň şanly geçmişini, buýsançly şu gününi, medeni gymmatlyklarymyzy, dünýä ýüzünde beýleki halklar bilen halkymyzyň ýöreden dostlukly gatnaşyklaryny, kitapda maglumatlar hem-de rowaýatlar arkaly beýan edilýän taryhymyzyň düýnüniň we şu gününiň nazaryýetini, şeýle-de Beýik Ýüpek ýoluny ýokary çeperçilik bilen wasp etmekden, Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Diýarymyzyň gözel keşbini açyp görkezmekden;

– inçe duýgulara baý, nepis çeperçilik eserlerini döretmekden hem-de bäsleşigiň ugurlary boýunça täze zehinleri ýüze çykarmakdan;

– ýaşlarda türkmeniň baý edebi mirasyna çuňňur hormaty we buýsanjy oýarmakdan ybaratdyr.

 

II. Bäsleşigiň umumy düzgünleri

 

2.1. Bäsleşigiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek bäsleşigiň guramaçylyk toparynyň üstüne ýüklenýär.

2.2. Bäsleşigiň ýeňijilerini seçip almak bäsleşigiň eminler toparynyň üstüne ýüklenýär.

2.3. Bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak bilen bagly çykdajylar Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hasabyna amala aşyrylýar.

2.4. Bäsleşik baradaky bildiriş metbugatda çap edilen gününden güýje girýär.

 

III. Bäsleşigiň şertleri

 

– Bäsleşige ýurdumyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän we höwesjeň islendik raýatlarymyz gatnaşyp bilerler.

– Bäsleşige Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen milli mirasyna berilýän üns we tagallalar, amala aşyrylýan taryhy özgertmeler bilen halkara ykdysady gatnaşyklarymyzyň aýrylmaz baglanyşygy, ajaýyp döwrümiz bilen sazlaşygy, Watana bolan söýgini artdyrmak äheňindäki şu aşakdaky ugurlar boýunça işler hödürlenilip bilner:

1.      Haly-gobelen eseri boýunça.

2.      Zergärçilik eseri boýunça.

3.      Surat eseri boýunça.

4.      Heýkel eseri boýunça,

5.      Gelin-gyzlaryň el işleri boýunça.

6.      Iň gowy publistik makalalar, hekaýalar, goşgular, oçerkler.

Eserleriň (işleriň) çeperçilik derejesine, hiline we many-mazmunyna döwrebaplygyna, milliligine, özboluşlylygyna emin agzalary tarapyndan baha berilýär.

3.1. Bäsleşige gatnaşyjylar öz hödürleýän işleriniň ýanyna özleri hakynda maglumatlary goşmalydyrlar (işleýän ýa-da okaýan ýeri, wezipesi, öý salgysy, telefon belgisi). Bäsleşige gatnaşyjylar ýaş tapawudy ýa-da işleriniň sany boýunça çäklendirilmeýär. Bäsleşige hödürlenilýän işler we awtor baradaky gysgaça maglumatlar 2018-nji ýylyň 26-njy noýabryna çenli guramaçylyk topary tarapyndan hasaba alynýar.

 

Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýolynyň 104-nji jaýy, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi; Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi.

Telefon belgileri: +99365024676, 44-87-62, 44-87-68, 44-87-10.

 

IV. Bäsleşigiň jemlenilişi

 

4.1. Bäsleşigiň netijeleri 2018-nji ýylyň dekabr aýynyň 14-ine jemleniler we ýeňijiler Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň Hormat hatlary bilen sylaglanylar we olara eýelän orunlaryna degişlilikde baýraklar gowşurylar.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.