Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

IŞEWÜR ZENANLARYŇ BÄSLEŞIGI

«Gӧreldesi enäniň — el hünäri zenanyň» diýen at bilen Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, TKA-nyň Milli Merkeziniň, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň bilelikde yglan etmeginde hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» kitaby esasynda işewür zenanlaryň arasynda geçirilýän bäsleşigiň häzirki wagtda ýerlerdäki tapgyrlary guramaçylykly dowam edýär. Golaýda bu bäsleşigiň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap tapgyry hem bilim ulgamynda zähmet çekýän zenanlaryň gatnaşmagynda ýokary işjeňlik ýagdaýynda geçirildi. Ony etrap zenanlar guramasy TKA-nyň etrap birleşmesi bilen bilelikde gurady.

Bäsleşige gatnaşyjylar onuň şertlerine laýyklykda, Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyna salgylanyp milli lybaslar, olara salynýan nagyşlar baradaky maglumatlary gӧwnejaý beýan etmek, milli lybaslary taýýarlamakda ӧzleriniň başarnyklaryny gӧrkezmek, däp-dessurlar, zenanlara mahsus kesp-kär bilen baglanyşykly gazallary, sahna oýunlaryny, aýdym-sazlary ýerine ýetirmek boýunça bäsleşdiler. Bäsleşik ӧrän çekeleşikli we şol bir wagtyň ӧzünde many-mazmunly geçdi. Netijede, etrapdaky 33-nji orta mekdebiň mugallymy Bahar Amanberdiýewa, 5-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Täzegül Işangulyýewa dagy ӧňe saýlanyp, bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşige gatnaşyjylar hem onuň ýeňijileri hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar.

 

Taganmät ÄMEDOW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap birleşmesiniň hünärmeni.

 

***

Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyny wagyz etmek, eseriň terbiýeçilik ähmiýetini her bir maşgala ýetirmek maksady bilen guralan bäsleşigiň Gubadag etrap tap-gyry hem ӧrän gyzgalaňly ýagdaýda geçdi. Etrap zenanlar guramasynyň hem-de TKA-nyň etrap birleşmesiniň guramagynda geçirilen bäsleşikde hormatly Prezidentimiziň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň durmuş ýoly, halkymyzyň milli ruhy, ahlak gymmatlyklaryna ygrarlydygy, ene mukaddesligi, maşgala ojagynyň mähribanlygy, ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlarymyza, edim-gylymlarymyza zenanlarymyzyň gatnaşygy doly açylyp gӧrkezildi. Zenanlar asly halallyk ýӧrelgelerine ygrarlylygy, zenan dünýäsine mahsus gylyk-häsiýetleri şahyrana sӧzleriň, çeper sahnalaryň, ajaýyp mukamlaryň üsti bilen wagyz etdiler. Ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy nazara alnyp, etrapdaky 57-nji orta mekdebiň mugallymy Gyrmyzy Amanmedowa hem-de 39-njy orta mekdebiň kitaphanaçysy Lälegül Nuryýewa ýeňiji diýlip yglan edildiler. Bäsleşige gatnaşyjylara we onuň ýeňijilerine sylaglar gowşuryldy.

 

Mamagül TAGANOWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gubadag etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.