2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

MILLI DEMOKRATIÝANYŇ ALTYN SAHYPASY

Döwletli işiň başy tutulanda, halk köpçüligine, ýaşululara geňeşmek bilen bagly gadymy ýörelgeler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem täze öwüşgine eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli kanunçylygymyz yzygiderli kämilleşdirilýär we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirilýär. Gahryman Arkadagymyz islendik bir döwletli işiň başyny tutanda, ýaşulular bilen maslahatlaşyp, olara sala salýar, olaryň maslahatyna eýerýär. Hemmämize mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda hormatly  Prezidentimiz Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň ygtyýarlyklaryny has-da giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek barada teklibi öňe sürdi we bu başlangyç doly goldanyldy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işiniň hukuk binýadyny has-da berkitmek maksady bilen, „Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler girizmek hakynda“ we „Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda“ Türkmenistanyň Konstitusion Kanunlary kabul edildi. Türkmenistanyň Halk Maslahaty – häkimiýetiň ýokary wekilçilikli edarasy bolmak bilen, onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine degişli syýasy çözgütler ilatyň giň gatlaklarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda kabul edilýär.

„Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi!“ diýlip yglan edilen bu ajaýyp ýylymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisiniň şanly  Garaşsyzlyk baýramymyzyň öňüsyrasynda geçirilmegi bütin halkymyz üçin toý sowgady bolar. Häzirki wagtda ýurdumyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatyna taýýarlyk işleri uly depgin bilen alnyp barylýar. Syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we beýleki birnäçe edara-kärhanalaryň wekilleriniň gatnaşmaklarynda bu syýasy çäräniň mazmuny we ähmiýeti halk köpçüligine giňden düşündirilýär. Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalary, işjeňleri hem bu il-ýurt bähbitli işden çetde durmaýarlar.

Nesip bolsa, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisi ýokary guramaçylykda, agzybirlikde geçiriler. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe çözgütler kabul ediler. Olar bolsa hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda güneşli Diýarymyzyň halkara abraýynyň has-da artmagyna badalga bolar.

 

Zaur Astanow,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Çärjew etrap birleşmesiniň hukuk-maslahatçysy.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.