2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

ZENANLAR BÄSLEŞIGINIŇ ETRAP TAPGYRY GEÇIRILDI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň, baştutanlygynda her bir günümiz toýdur baýramlara beslenýär. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň bilelikde yglan eden «Göreldeli enäniň — el hünäri zenanyň» atly bäsleşiginiň etrap tapgyry geçirildi.

Gökdepe etrabynyň medeniýet öýünde etrabyň zenanlar bölüminiň we Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň bilelikde guramagynda geçirilen bu gyzykly bäsleşige dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän zehinli zenanlar gatnaşdylar. Bäsleşikde hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden joşup çykan «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyny okap hem-de Ogulabat ejäniň görüm-göreldesine eýerip, gadymy milli lybaslaryň we olara salnan nagyşlaryň gadymylygyny we nagyşlara siňen syrly şekilleriň aýratynlyklary barada gürrüň berdiler.

Bäsleşigiň dowamynda oňa gatnaşyjylar keşde çekmek, basma basmak, gaýma gaýamak, pugtama pugtamak, jähek çalmak, aldymgaç çalmak, alaja işmek, alaja örmek, seçek selçemek, depjemek, ýabşyrmak, gowşurmak, ýörmemek ýaly ýumuşlary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Mundan başga-da nagyşlar bilen baglanyşykly yrymlary, däp-dessurlary we nagyşlaryň taryhyndan gürrüň berýän gadymy rowaýatlary, aýdyşyklary, gazallary we ýürek buýsançly şahyrana setirleri, çeper sahnalary we aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler.

Bäsleşikde ezber zenanlar öňe saýlandylar. Bäsleşigiň ahyrynda şeýle mümkinçilikleri döredip, milli däp-dessurlarymyza giň ýol açan Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

 

Kerim GERMANOW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap birleşmesiniň hünärmeni.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.