2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

ENE GÖRELDESI

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem­de Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň  bilelikde «Göreldeli  enäniň el hünärli zenanyň» at bilen yglan eden bäsleşiginiň etrap tapgyry Kaka şäheriniň medeniýet öýünde geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyny giňden öwrenmek, onuň terbiýeçilik ähmiýetini açyp görkezmek, eziz enelerimizi sarpalamak, Watana bolan söýgini berkitmek, türkmen zenanyna mahsus asylly gylyk­häsiýetleri, zenanlarymyzy bezeýän milli lybaslarymyzy, ajaýyp nagyşlarymyza bolan höwesi artdyrmak bu bäsleşigiň esasy maksady boldy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda aýdyň ýol bilen belentliklere tarap barýan Watanymyzyň pajarlap ösmegine uly goşant goşýan bagtyýar zenanlaryň arasynda guralan bu bäsleşigiň «Gadymy nagyşlaryň syrlary» atly ilkinji şertinde oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda beýan edilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň görüm­göreldesine eýerip, gadymy milli lybaslaryň we olara salynýan nagyşlaryň gadymylygy, aýratynlyklaryny aňladýan  manysy  barada  gürrüň berdiler. Bäsleşigiň ikinji şerti «Hünärim bar — hormatym bar» diýlip, atlandyryldy. Onda bäsleşige gatnaşyjy zenanlar keşde çekmek, basma basmak, gaýma gaýamak, pugtama pugtamak, alaja işmek ýaly el işle­ rini  ýerine  ýetirdiler. «Kesbi­kärim nesillere görelde» atly bäsleşigiň üçünji şertinde bagtyýar zenanlar nagyşlar bilen baglanyşykly yrymlary, däp­dessurlary, rowaýatlary gürrüň berdiler we aýdyşyklary, gazallary aýdyp, ýürek buýsançlaryny şahyrana setirleriň, çeper sahnalaryň, aýdym­sazlaryň üsti bilen beýan etdiler.

Bäsleşige gatnaşyjy zenanlar onuň ähli şertlerini ussatlarça ýerine ýetirdiler. Bäsleşikde çykyş edenleriň ählisiniň çykyşlary bir­birinden täsirli boldy. Şeýle­de bolsa, emin agzalary bäsleşigiň şerti boýunça ussatlary saýlady. Onda birinji orna etrapdaky 4­nji orta mekdebiň zähmet mugallymy A.Güýjowa, ikinji orna etrap kitaphanasynyň başlygy G.Welýarowa, üçünji orna etrap kitaphanasynyň hünärmeni O.Annaýewa dagy mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Ýarangeldi BABAÝEW,

Türkmenistanyň  Kärdeşler arkalaşyklarynyň Kaka etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.