Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

EZBER ELLI, ŞIRIN DILLI ZENANLARYŇ BÄSLEŞIGI

Asly halal we agzybir halkymyz Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň her gününi ajaýyp zähmet üstünliklerine, ýeňişlere besleýär. Gazanylýan rowaçly ösüşlerde ýurdumyzyň dokma senagaty pudagynyň zähmetsöýer işgärleriniň-de mynasyp paýy bar. Ýaşlaryň  millilik we watançylyk duýgularyny ösdürmek, döredijilik höwesini artdyrmak we zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen ýaňy-ýakynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 27 ýyllygyna bagyşlanyp Türkmenabat şäherindäki „Aýly agşam“ toý-dabaralar mekanynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň guramagynda „Gel, läle kakaly gül Watanyň şanyna!“ atly baýramçylyk bäsleşigi geçirildi. Oňa welaýatymyzyň dokma senagaty ulgamynda döredijilikli zähmet çekýän dokmaçy gyzlar gatnaşdylar. Olar öz aralarynda bäsleşigiň özüňi tanyşdyrmak, läle kakmak, ata Watanymyzyň ösüş-özgertmelerini, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli syýasatlaryny, türkmen gelin-gyzlarynyň gözelligini wasp edýän aýdymlary ýerine ýetirmek, dokma önümlerini mahabatlandyrmak ýaly şertler boýunça bäsleşip, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Netijede, Halajyň çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Täzegül Durdyýewa birinji, Türkmenabadyň pagta egriji fabriginiň operatory Suraý Guwanjowa we Türkmenabadyň tikin fabriginiň tikinçisi Jahan Kurbanowa ikinji, Türkmenabadyň „Ýüpek“ önümçilik birleşiginiň dokmaçysy Jemal Hudaýnazarowa bolsa üçünji orunlara mynasyp boldular. Ýeňijilere kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Dokma önümleriniň ajaýyp sergisi bolsa baýramçylyk bäsleşigine gatnaşan ildeşlerimizde ýakymly täsirleri galdyrdy.

 

Jennet Raimbaýewa.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.