2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

SÜNNÄLENEN NAGYŞLAR —LYBASLARA ÝARAŞYK

Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynyň Medeniýet öýünde «Göreldesi enäniň — el hünärli zenanyň» atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrliginiň bilelikde yglan eden bäsleşiginiň nobatdaky tapgyryna etrabyň dürli ýerinden zenanlar gatnaşdy.

Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren «Enä tagzym— mukaddeslige tagzym» atly kitabyndan ugur alan bäsleşik bu gymmatly eseri wagyz etmegi, onuň terbiýeçilik ähmiýetini her bir maşgala, raýata ýetirmegi asylly maksat edindi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň, Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň hem-de ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen bäsleşik «Gadymy nagyşlaryň syrlary», «Hünärim bar—hormatym bar», «Kesbi-kärim — nesillere görelde» atly şertlerden ybarat boldy.

Bäsleşige gatnaşyjylaryň şol şertlere laýyklykda ýerine ýetiren çykyşlarynda asyrlaryň dowamynda sungat derejesinde kämilleşen, türkmen tebigatynyň we zenan edebiniň nusgasyna öwrülen milli nagyşlarymyza täze taryhy döwürde berilýän ähmiýet, milli lybaslary bezeýän ajaýyp nagyşlary döretmekde zenanlarymyzyň çekýän irginsiz zähmeti öz beýanyny tapdy. Zenanlaryň çykyşlary milli mirasa bolan hormat-sarpanyň beýikdigini görkezdi.

Bäsleşigiň dowamynda emin agzalar tarapyndan ýeňijiler ýüz çykaryldy. Şeýlelikde, etrapdaky 9-njy orta mekdebiň kitaphanaçysy Hesel Sähetmyradowa birinji orna mynasyp boldy hem-de welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Ýeňijilere ýörite sowgatlar gowşuryldy.

 

Tawus MEREDOWA,

Türkmenistanyň  Kärdeşler  arkalaşyklarynyň Ak bugdaý etrap birleşmesiniň hünärmeni.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.