2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

ÝAŞLARYŇ HUKUK WE DURMUŞ TAÝDAN GORAGLYLYGY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde amala aşyrylýan giň möçberli ulgamlaýyn özgertmeleriň ygtybarly hukuk esasyny üpjün etmekde döwletimiziň Esasy Kanuny bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň ähmiýeti we orny uludyr. Hut şonuň üçin hem tutuş hukuk ulgamymyzy emele getirýän Esasy Kanunymyz raýatlarymyzyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň has-da pugtalandyrylmagynyň, döwletimiziň hemmetaraplaýyn ösmeginiň möhüm syýasy-hukuk serişdesi bolup hyzmat edýär.

Ýurdumyzyň ýaşlary hormatly Prezidentimiziň özleri üçin edýän yzygiderli tagallalarynyň gadyr-gymmatyny bilýärler we jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna işjeň gatnaşýarlar.

Ýaşlaryň ruhy we beden sagdynlygy, hünär taýýarlygynyň kämilligi, döredijilige ukyby, pikirlenmek başarnygy jemgyýetiň kämilleşmegine we döwletiň ösüşine uly itergi berýär. Häzirki wagtda ýaşlaryň hukuklaryny üpjün etmek babatda zerur şertleriň döredilmegi barada çäreler ýurdumyzyň ýörite kanunlarynda we maksatnamalarynda öz beýanyny tapýar.

Türkmenistanda kabul edilen ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasy ýaş nesillerde ruhy-ahlak we sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmegi, watansöýüjiligi, ynsanperwerligi we zähmete bolan söýgini terbiýelemegi maksat edinýän çäreleriň amala aşyrylmagynyň esasy resminamasydyr. Maksatnamada ýaşlaryň ykdysady özbaşdaklygy üçin şertleri döretmek, zähmet hukuklaryny we borçlaryny durmuşa geçirmek çygrynda ýaşlara goldaw bermek ileri tutulýan ugurlaryň biridir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe zähmete ýaramly bolan ilatyň uly bölegini tutýan ýaşlaryň hünär bilimlerini ele almaklary, olarda oýlanyşykly hünär saýlap bilmek başarnygyny emele getirmek hem-de döredijilikli zähmet çekmegi babatda olara ýardam bermegiň hukuk taýdan üpjün edilmegi ähmiýet berilýän ugurlaryň biridir. Şu nukdaýnazardan ýaşlaryň zähmet başlangyçlaryny we zähmetde taplanmak boýunça endiklerini ösdürmäge ýardam bermek, halal zähmetiň her bir maşgalanyň bolelin we abadan durmuşda ýaşamagynyň çeşmesidigine ýaşlary taýýarlamak, olaryň intellektual we döredijilik mümkinçiliklerini amala aşyrmaklary üçin şertleri döretmek ugrunda döwletimizde toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanyň Zähmet kodeksinde ýaş işgärleriň zähmetini düzgünleşdirmegiň aýratynlyklary barada kadalar beýan edilýär. Olarda aşlaryň zähmete bolan hukuklaryny amala aşyrmak barada, olary mejbury zähmetden goramak, şonuň ýaly-da, olaryň saglygy üçin howply we bilim almaklaryna päsgelçilik döredip biljek, beden, akyl we ruhy taýdan ösüşine, wyždan azatlygyna zeper ýetirip biljek ýagdaýlaryň ýüze çykmagyna ýol bermezlige gönükdirilen kadalar öz beýanyny tapýar.

Ýaşlara kanun esasynda bellenilýän ýeňillikler zähmet rugsadyny almak hukugy amala aşyrylanda aýdyň görünýär. Ýaş işgärlere ilkinji işläp başlan ýyly üçin esasy rugsady almak hukugyna zähmet şertnamasynyň baglaşylan gününden başlap üznüksiz on bir aý geçmese-de, her ýylky esasy rugsady almak hukugy kepillendirilýär. Şol işgärlere esasy rugsadyň olaryň islegi boýunça tomusda ýa-da başga amatly wagtda berilmelidigi barada kadalar Zähmet Kodeksinde berkidilendir. On sekiz ýaşyna ýetmedik işgärleri durmuş taýdan goramak maksady bilen, olaryň işden boşadylmagy kanuna laýyklykda çäklendirilýär. Ýaşlar bilen zähmet şertnamasy ýatyrylanda, işden boşatmagyň umumy tertibini berjaý etmek, diňe kärdeşler arkalaşygy guramasynyň razylygy bolan ýagdaýynda ýol berilýär.

Ýurdumyzda ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, ýaşlara

ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, watanysöýüjiligi, jogapkärçiligi, zähmete söýgini terbiýelemek döwlet syýasatyna, hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer şygaryna laýyklykda amala aşyrylmagy Berkarar döwletimiziň bagtyýar ýaşlaryny döwletimiziň durnukly ösüşi üçin döredijilikli zähmet çekmäge borçlandyrýar.

 

Hajarbibi HANDURDYÝEWA,

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň uly maslahatçysy.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.