Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ESASY KANUN

Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän syýasaty eziz Watanymyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzyň demokratik we hukuk esaslarynyň berkidilmegi Türkmenistanyň häzirki döwürde durmuş-ykdysady taýdan  ösdürilmeginiň esasy ugurlarynyň biri bolmak bilen, ol toplumlaýyn özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine ýardam berýän milli hukuk binýadynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagyny ugur edinýär.

Gahryman Arkadagymyz: „Bu gün ykbaly belentliklere göterilen Türkmenistan Watanymyz parahatçylyk, asudalyk, agzybirlik höküm sürýän kuwwatly, baky berkarar ýurda öwrüldi“ diýip, öz çykyşynda belleýär.  

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler syýasy ulgamy kämilleşdirmäge, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli taraplaryny tapgyrlaýyn we yzygiderli demokratiýalaşdyrylmaga aýratyn ähmiýet berilýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy dünýä tejribesiniň iň gowy nusgasyny özünde  jemlemek bilen, adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny, kanunyň hökmürowanlygyny üpjün edýän möhüm resminamadyr. Konstitusiýa - döwletliligiň alamatydyr, onuň kadalary we düzgünleri boýunça halkara bileleşigi jemgyýetde demokratik gymmatlyklaryň ösüş derejesine, şahsyýetiň hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilişine, döwletiň içeri we daşary syýasatynyň maksatlaryna hem-de ugurlaryna baha berýär. Konstitusiýa özygtyýarly  Türkmenistanyň mizemez hukuk binýady bolmak bilen, halkymyzyň  bitewülik, demokratiýa, ynsanperwerlik, watançylyk we adalatlylyk baradaky köpasyrlyk arzuwlaryny şöhlelendirýär.

Konstitusiýa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň beýik sepgitlere ýetýän Berkarar döwletimiziň sarsmaz hukuk binýadydyr. Esasy Kanunda adamy goramagyň, goldamagyň we oňa hyzmat etmegiň döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipesidigi, şeýle hem Türkmenistanyň her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwletdigi baradaky kadalar halkymyzyň asuda we abadan durmuşyny üpjün etmegiň ygtybarly esasydyr.

Ýurdumyzyň Konstitusiýasy adamyň mertebesiniň eldegrilmesizliginden, onuň esasy hukuklarynyň we azatlyklarynyň oňa doglandan bäri degişlidiginden, kanun we kazyýet tarapyndan goralýandygyndan ugur alýar. Adam azatlygynyň we döwlet häkimiýetiniň demokratiýasynyň syýasy düzümi adamyň hukuklaryna hormat goýmaga we goramaga esaslanýar.

Döwlet maksatnamalarynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi, halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynyň düýpli özgerdilmegi hem-de bazar ykdysadyýetine sazlaşykly geçilmegi bu we beýleki köp ýagdaýlar ýurdumyzyň ykdysady taýdan okgunly ösmegine ýardam edýär. Kuwwatly, köpugurly ykdysadyýet häzirki döwürde durmuş häsiýetli möhüm meseleleriň hem birnäçesini netijeli çözmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi türkmen halkynyň abadançylygynyň yzygiderli ýokarlanmagynda öz aýdyň beýanyny tapýar. Halkymyzyň bagtyýarlygy hem-de abadançylygy milli Liderimiziň amala aşyrýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň esasy many-mazmunyny düzýär.

 

Mekan BABAÝEW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň maglumat, seljeriş we halkara gatnaşyklary bölüminiň müdiri

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.