Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ESASY KANUNYŇ SAÝASYNDA ŞUGLA SAÇÝAR BAÝDAGYM

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň, çar künjeginde uly ruhubelentlik bilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň baýramy uly dabaralara beslenýär. Bu şanly sene mynasybetli welaýatymyzda köp öwüşginli baýramçylyk çäreleri guralyp, döwletimiziň buýsanç nyşanlarynyň biri bolan ýaşyl Tugumyza söýgi, Bagt Kanunymyz — Konstitusiýa bolan mizemez ynam kalplara dolýar. Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygyny alamatlandyrýan, Bitaraplygyny kepillendirýän, milli bitewüligi şöhratlandyrýan bu mukaddeslikleriň baýramy biziň her birimiziň watançylyk duýgymyzy belende göterýär.

Konstitusiýa. Baýdak. Buýsanç. Mertebe. Söýgi. Bularyň bary birleşip mähriban Watanymyza ak ýürekli hyzmat etmäge borçlandyrýar. Ine, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň guramagynda «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkezinde üsti naz-nygmatly toý desterhanynyň başynda geçirilen çäredäki gutlaglarda hem mertebe Tugumyz, Esasy Kanunymyz, ajaýyp döwrümiz, Arkadag Prezidentimiz hakynda guwanç-buýsançly sözlere giň orun berildi.

«Esasy Kanunyň saýasynda şugla saçýar, baýdagym» ady bilen geçirilen baýramçylyk dabarasyny Sakarçäge etrap medeniýet bölüminiň aýdymçylary Mekan Akgaýew, Mergen Tagangylyjow dagy Watan, Diýar, Baýdak, Arkadag wasply aýdymlar bilen şowhunlandyrdylar. Bu medeniýet bölüminiň «Bagtyýarlyk» tans toparynyň ýerine ýetiren baýramçylyk tanslary göwünleri galkyndyrdy.

Baýramaly şäher, Baýramaly, Mary, Wekilbazar, Sakarçäge etraplarynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň işewür agzalary, mährem enelerdir ýaşlar, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň we medeniýet işgärleriniň, sportsöýer türgen ýaşlaryň gatnaşan baýramçylyk dabarasy halkymyzyň bagtyýarlygynyň beýany boldy.

 

Aýjan Abdyýewa,

“Maru-şahu jahan” gazetiniň uly habarçysy.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.