2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

AWAZADAKY OKUW MASLAHATY

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň has-da gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerini wagyz etmäge Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hünärmenleri öz goşantlaryny goşýarlar. Ýurdumyzyň kärdeşler arkalaşyklarynyň işiniň dogry ýola goýulmagy zähmetkeşleriň iş, durmuş ýagdaýlarynda sazlaşygyň emele gelmegine oňyn täsir edýär. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi zähmetkeşleriň zähmet hukuklary we borçlary, zähmet hukuklarynyň goraglylygy, resminamalary dogry we dürs alyp barmak barada öz hünärmenleriniň sowatlylygyny artdyrmak maksady bilen, dürli pudaklara degişli Geňeşleriň, welaýat, etrap, şäher birleşmeleriniň, edaradyr kärhanalardaky ilkinji guramalaryň başlyklarynyň, hasapçylaryň, derňew toparlarynyň agzalarynyň gatnaşmagynda okuw maslahatlaryny yzygiderli guraýar.

Golaýda Awazadaky «Daýanç» sagaldyş merkezinde Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat işgärleriniň hem-de Türkmenistanyň Agrosenagat toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşleriniň bilelikde guramagynda, «Şöhratly geçmişden — röwşen geljege» atly okuw maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat işgärleriniň hem-de Türkmenistanyň Agrosenagat toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň başlyklary, gaznaçylary, derňew toparynyň agzalary, işjeňleri we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden wekiller gatnaşdylar.

«Şöhratly geçmişden — röwşen geljege» atly okuw maslahatynda döwlet Baştutanymyzyň degişli ulgamlary ösdürmekde alyp barýan işleri barada giňişleýin gürrüň edildi. Degişli ulgamlarda köp ýyl bäri zähmet çekýän kärdeşler arkalaşygynyň hünärmenleriniň kärdeşler  arkalaşygynyň işini dogry guramak baradaky pikirleri diňlendi, sowal-jogap arkaly tejribe alşyldy. Bu okuw maslahaty kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň işe täze başlan başlyklarynyň, derňew toparlarynyň, gaznaçylaryň işe ugrukmaklary üçin uly goldaw boldy.

Okuw maslahatynyň dowam eden günlerinde oňa gatnaşanlara boş wagtlarynda «Daýanç» sagaldyş merkezinde saglyklaryny berkitmäge mümkinçilik döredildi. Olar şol günlerde guralan sport bäsleşiklerine-de uly gyzyklanma bilen gatnaşdylar. Şeýle hem özleri üçin guralan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň gözel ýerlerine gezelençde boldular.

«Şöhratly geçmişden — röwşen geljege» atly okuw maslahatyna gatnaşan ildeşlerimiz halal zähmet çekmäge, eşretli durmuşda ýaşamaga, rahat dynç almaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýdyp, il bähbitli işlerinde rowaçlyklary arzuw etdiler. Biz okuw maslahatyna gatnaşanlaryň käbirleriniň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

 

Ýagty GURBANOWA,

Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň Suw gözegçilik gullugynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy:

— Suw gözegçilik gullugynyň esasy wezipeleri ýurdumyzyň suw serişdeleriniň ulanylyşyny, suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny we suwdan rejeli peýdalanylyşyna gözegçiligi döwrebaplaşdyrmakdan, suw hojalyk desgalarynyň ulanylyşynyň howpsuzlygyny üpjün etmekden, şeýle hem Türkmenistanyň Suw kodeksine laýyklykda, ýurdumyzda suw serişdelerini aýawly hem-de netijeli peýdalanmak baradaky talaplaryny ýerine ýetirmekden ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiz beýleki pudaklar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň oba hojalygynyň ösmegine hem uly üns berýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň oba hojalygynyň gülläp ösmegi ugrundaky işleriniň üstünlikli amala aşmagy üçin Suw gözegçilik gullugynyň  işiniň dogry guralmagy möhümdir. Suw gözegçilik gullugynda zähmet çekýän işgärleriň kärdeşler arkalaşygynyň işiniň dogry ýola goýulmagy bolsa eziz Diýarymyzda suwdan rejeli peýdalanylmagyna, suw hojalyk desgalarynyň ýerlikli ulanylmagyna gözegçilik işleriniň alnyp barlyşyna öz täsirini ýetirýär.

Awazadaky «Daýanç» sagaldyş merkezinde Türkmenistanyň Agrosenagat toplumynyň işgärleriniň hem-de Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşleriniň guramagynda «Şöhratly geçmişden — röwşen geljege» atly okuw maslahaty geçirildi. Bu okuw maslahatynda edilen çykyşlar, özara pikir alyşmalar örän netijeli boldy.

Gahryman Arkadagymyzyň tabşyryklaryny üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda zähmetimizi gaýgyrmajakdygymyza ynandyrýarys.

 

Nurjemal NURALYÝEWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesiniň pudagara utgaşdyryjysy:

— Ýurdumyzyň ösüşleriniň, merdana halkymyzyň ýeten döwletli-döwranynyň, bagtyýar, bolelin, erkana durmuşynyň sakasynda Gahryman Arkadagymyzyň irginsiz üns-aladalary, öňdebaryjy, adalatly pikir-garaýyşlary, ynsanperwer başlangyçlary, adyl-parasatly döwlet syýasaty durandyr. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde işlenilip düzülen milli Maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmakda ýurdumyzyň gurluşyk we senagat pudagynyň merdana zähmetkeşleriniň mynasyp paýy bar. Häzirki günde Lebap welaýatynda gurluşyk we senagat pudagyna degişli edara-kärhanalaryň 41 sanysy bolup, olarda kärdeşler arkalaşygynyň guramalary hereket edýär. Ilkinji guramalarynyň agzalarynyň sany 7 müňe golaýlaýar.

Zähmetkeşleriň döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda durmuş-ykdysady şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmak. zähmeti goramak, tehniki howpsuzlygyň düzgünlerini berjaý etmek, döredijilikli zähmeti goldamak, ýokary derejeli iş we dynç alyş şertlerini döretmek ugrunda alnyp barylýan çärelere goşant goşmak Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň guramalarynyň esasy wezipeleriniň biridir. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň ýyllyk iş meýilnamasyna laýyklykda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezinde pudaklaýyn kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň işjeňleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi. Ýurdumyzyň kärdeşler arkalaşyklarynyň işini döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge, işiň döwrebap usullaryny özleşdirmäge, özara tejribe alyşmaga ata Watanymyzda gazanylýan ajaýyp üstünlikleri wagyz-ündew etmäge gönükdirilen bu okuw maslahaty oňyn netijelere beslendi. Goý, halkymyzy bagtyýar durmuşa ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň ömri uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaç bolsun!

 

Gammar ÇARYÝEW,

Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň «Marygurluşyk» önümçilik birleşiginiň birleşdirilen kärdeşler arkalaşygynyň Murgap etrabyndaky 7-nji Gurluşyk- gurnama müdirliginiň kärdeşler arkalaşygynyň topar başlygy:

— Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda gurluşyk ulgamyny ösdürmägede uly üns berýär. Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda dürli maksatly ak mermere beslenen binalar ýylyň-ýylyna gurlup, halka ulanylmaga berilýär. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän medeniýet öýleri, sport desgalary, orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň jaýlary, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Biziň «Marygurluşyk» önümçilik birleşigimiziň 7-nji Gurluşyk-gurnama müdirligimiziň hünärmenleri hem hormatly Prezidentimiziň döredip berýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp, Mary welaýatynda ak mermere beslenen ýaşaýyş jaýlaryny gurýarlar. Üstümizdäki «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda gurluşykçylarymyz senagat maksatly desgalaryň hem birnäçesini gurmagy maksat edinýär.

Ýurt Baştutanymyzyň gurluşyk ulgamyny ösdürmekde alyp barýan oňyn işlerini wagyz etmek, Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň täze işe başlan başlyklaryny, derňew toparlaryny, gaznaçylaryny işe ugrukdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Awazadaky «Daýanç» sagaldyş merkezinde «Şöhratly geçmişden — röwşen geljege» atly okuw maslahaty geçirildi. Birnäçe gün dowam eden okuw maslahatynda kärdeşler arkalaşygynyň tejribeli wekillerinden köp zatlary öwrendik.

«Şöhratly geçmişden — röwşen geljege» atly okuw maslahatynyň dowam eden günlerinde boş wagtlarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň şahsy göreldesine, şeýle-de onuň sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek barada taglymatlaryna eýerip. okuw maslahatyna gatnaşmaga gelen Kärdeşler arkalaşygynyň wekilleriniň arasynda guralan sport bäsleşiklerine gatnaşdyk. Halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, zähmet çekmegi we dynç almagy üçin ähli aladalary edýän eziz Arkadagymyza hoşallygymyzy bildirýäris.

 

Jumagül HOJAÝEWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň pudaklar boýunça utgaşdyryjysy:

—Gahryman Arkadagymyzyň döredijilik zehininden döreýän ylmy we çeper eserler biziň her birimiziň göwnüňize ganat, kalbymyza ylham bolup dolýar. Eziz Arkadagymyzyň saýasynda geçirilýän ylmy-amaly maslahatlar, festiwallar. bu günde bütin dünýäniň nazary eglenýän türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň dünýäde dabaralanýandygynyň aýdyň beýanyna öwrülýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitaby hem türkmen we daşary ýurtly okyjylar üçin ajaýyp sowgat boldy.

Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda halk hojalygynyň ähli pudaklary bedew bady bilen ösýär. Agzybir raýatlarymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň hözirini görüp, bagtyýar ýaşaýarlar. Eziz Diýarymyzda her bir gelýän ýyl özüne ýaraşykly owadan ady bilen gelýär. Bu ýylymyz hem hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýip atlandyryldy.

Döwür bilen aýakdaş gadam urýan kärdeşler arkalaşygynyň ähli derejedäki guramalary hem bu ajaýyp ýylda öz işini döwrüň talabyna laýyk gurap, birnäçe çäräni geçirýär. Mähriban Diýarymyzyň göwher künjegi hasaplanýan Awazada Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň iş meýilnamasyna laýyklykda. Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat işgärleriniň hem-de Türkmenistanyň Agrosenagat toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Geňeşleri «Şöhratly geçmişden — röwşen geljege» ady bilen okuw maslahatyny gurady. Okuw maslahaty işjeň ýagdaýda geçdi. Hoştap howaly deňziň kenaryna guralan gezelençler, irki maşklar, sport bäsleşikleri maslahata gatnaşýan kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalarynda ýokary ruhubelentligi döretdi. Maslahatda zähmet gatnaşyklary, işgärleriň kanuny hukuklaryny goramak, olar üçin sagdyn, howpsuz iş şertlerini döretmek barada gyzykly çykyşlar diňlenildi, sowal-jogaplar alşyldy. Halkymyzy bagtyýar zamana ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň adyna aýdylan alkyşly sözler ýürekleriň töründen orun aldy.

 

Jumagül AÇYLOWA,

Türkmenistanyň Agrosenagat toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň başlygy:

— Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe obasenagat toplumyny ykdysady taýdan kuwwatly, eksport mümkinçilikleri artýan pudaga öwürmek üçin döwlet tarapyndan uly möçberli maddy-tehniki we maliýe serişdeleri goýberilýär, ýokary ukyply hünärmenleri taýýarlamak işleri kämilleşdirilýär, uly göwrümli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesi tarapyndan hem welaýatymyzyň edara-kärhanalarynda dürli medeni çäreler. wagyz-nesihat duşuşyklary giň gerimde alnyp barylýar. Birleşmämiziň agrosenagat toplumynda zähmet çekýän agzalarynyň döwrebap zähmet çekmekleri, medeniýetli dynç almaklary ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Biziň jemi 6307 agzamyz bolup. olar agrosenagat ulgamynda zähmet çekýärler. ata Watanymyzyň ösüş-özgertmelerine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Daýanç» sagaldyş merkezinde «Şöhratly geçmişden — röwşen geljege» atly okuw maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň kärdeşler arkalaşyklarynyň hünärmenleriniň özara pikir alyşmalary guraldy. Mundan başga-da bu ýerde maslahata gatnaşanlar üçin sport bilen meşgullanmaga giň şert döredildi. Hormatly Prezidentimize döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin köp sagbolsun aýdýarys.

Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, işleri  rowaç bolsun!

 

Taýýarlan Çemen Annaberdiýewa




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.