Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÝÜREK GUWANÇDAN DOLY

Ýakynda, hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkda ýerleşýän ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habarlar barada aýdyldy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 82-nji mejlisinde «Bütindünýä welosiped güni» hem-de «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi. Olaryň taslamalarynyň hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylmagy has-da buýsandyryjy ýagdaýdyr.

«Bütindünýä welosiped güni» barada resminama laýyklykda, her ýylyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edildi. Bu çözgüdi dünýäniň 36 döwleti dörediji hökmünde çykyş etdi. Şeýle hem bu abraýly halkara gurama tarapyndan ikinji Kararnamanyň kabul edilmeginiň ýurdumyzyň 2017 — 2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk edýän döwrüne gabat gelmegi üstünlikli ýagdaýdyr. Dünýäniň 19 döwleti bu Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etmek bilen, ol Milletler bileleşiginiň Araly halas etmegiň Halkara gaznasyndaky ornuny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, Gaznanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy özüniň 73-nji mejlisiniň gün tertibine «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda» bölümi girizmek barada hem çözgüt kabul etdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belent derejelere çykarýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, il-ýurt we umumadamzat bähbitli başlangyçlary mundan beýläk hem rowaç bolsun!

 

Aşyrdurdy ALLAÝEW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.