Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly!

Sport

7-nji aprelde Aziada-2017-ä taýýarlyk görülmegine bagyşlanylan halkara maslahatyny geçirmek maksat edinilýär

7-nji aprelde öňde boljak V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görülmegine bagyşlanylan halkara maslahatyny geçirmek meýilleşdirildi. Aziada–2017-niň maksatnamasyna girizilen sportuň ähli görnüşleriniň olimpiýa federasiýalarynyň wekilleri maslahata gatnaşmaga çagyrylar.

Türkmen hokkeýçileri Ýaponiýada gyşky Aziadanyň finalyna çykdylar

Türkmenistanyň ýygyndysy VIII gyşky Aziýa oýunlarynyň çäklerinde geçirilýän ikinji diwizionyň hokkeý ýaryşlarynyň finalyna çykdy. Ildeşlerimiz üçünji oýunda Indoneziýanyň toparyndan hem üstün çykyp (12:2), “B” toparda öňdeligi eýelediler. Munuň özi olara yklym derejesindäki abraýly ýaryşlaryň birinji diwizionyna çykmak ugrunda göreşmäge hukuk berdi.

Türkmen uşu ussatlary Russiýada üç medala eýe boldular

“Moskwa ýyldyzlary—uşu—2017” atly III halkara ýaryşy geçirilýär, onda türkmen türgenleri üç medala—bir kümüş we iki bürünç medala mynasyp boldular.

Türkmen hokkeýçileriniň Ýaponiýada gazanan ikinji ýeňşi

Sapporoda geçirilýän VIII gyşky Aziýa oýunlarynda şeýle derejeli ýaryşda ilkinji gezek çykyş edýän türkmen hokkeýçileri yzly-yzyna ikinji gezek üstünlik gazandylar. Bu gün Baýram Allaýarowyň tälim berýän türgenleri Makaonyň ýygyndy toparyny 16:0 hasabynda utup, “B” toparda birinjiligi saklaýar.

Türkmen kikboksçylary Helsinkidäki ýaryşda 11 medal gazandylar

Halkara derejesindäki iri ýaryşlarda kikboksingiň türkmen ussatlary nobatdaky uly üstünligi gazandylar. Bu gezek olar Helsinki şäherinde (Finlýandiýa) geçen ýaryşda tapawutlanyp, 11 medal gazandylar. Şolaryň ýedisi altyn, biri kümüş we üçüsi bürünç medallardyr.

Türkmenistanyň ýygyndy topary - Tailandda jiu-jiutsu boýunça iri ýaryşlaryň ikisiniň netijeleri boýunça umumytoparlaýyn ikinji orunda

Şu gün Tailandyň paýtagtynda sportuň jiu-jitsu görnüşi boýunça “Grand Slam” halkara ýaryşy hem-de ýetginjekleriň we ulularyň arasyndaky dünýä Kubogyny almak ugrundaky ýaryşy tamamlandy.

Aziada ― 2017: muaý taý ýa-da taý boksy

Sport islendik nukdaýnazardan alanyňda hem diňe oňyn görkezijileri özünde jemleýär. Sportuň ruhubelentlik, maksada okgunlylyk, berk erklilik, ruhy we beden gözelligini bagyşlaýjylyk häsiýetine göz ýetiren ynsanlaryň millionlarçasy ― sport janköýerleri, höwesjeň we professional türgenler, tälimçiler öz durmuşyndan oňa aýratyn berdiler.

Aziada ― 2017: Tans sporty ýa-da bedeniňe erk etmek sungaty hakynda

Sport tanslary sungatmy ýa-da sportuň bir görnüşi? Bu soraga anyk jogap berip biljekleriň sany az. Yzygiderli türgenleşikde döreýän kämilleşme hem-de dörediji zehin onuň sungat tarapyny emele getirýär. Ähli türgenleşikleriň maksadynyň ýaryşa gatnaşmakdan we ýeňiş gazanmakdan ybaratdygy üçin ol sporta degişlidir.

Aziada — 2017: Sportuň taekwondo görnüşi

Her bir ynsanda peýdalanýan ýa-da barlygyny aňlaýan başarnyklaryndan başga-da özüne mälim bolmadyk ukyplar ýaşaýar. Olar ýüze çykmak üçin amatly mümkinçilige, ruhlandyryjy ýagdaýa garaşýar. Sport şol ukyplary «oýarmaga» ruhy hem fiziki taýdan täsir edip, özüňe we öz başarnyklaryňa bolan ynamsyzlygy aradan aýyrmaga, ählitaraplaýyn taplanmaga, durmuşa täze we ruhubelent garaýyş bilen çemeleşmäge ýardam edýär.

Welosport gerimini giňeldýär

Soňky döwürlerde paýtagtymyzyň köçelerinde, şaýollarynda welosiped sürüjilerine häli-şindi gabat gelmek bolýar. Raýatlarymyzyň ählisine tanyş bolan sportuň bu görnüşi ýöne ýerden iň elýeterli diýlip hasap edilmeýär.

Страницы




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.