Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly!

Pudaklaýyn K.A.

Sport beýik ösüşe ruhlandyrýar

Serdarabat etrabynyň pagta arassalaýjy kärhanasynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynda zähmetkeşleriň saglygyny goramakda sportuň we bedenterbiýäniň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak ugrunda maksadalaýyk işler durmuşa geçirilýär. Bu ýerde hünärmenleriň işden boş wagtlaryny peýdaly işlere sarp etmekleri, sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmaklary üçin oňaýly şertler döredilýär.

ARKADAGA ALKYŞYMYZYŇ ÇÄGI ÝOK

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň her bir güni ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenýär. Munuň özi agzybirlikden, jebislikden rysgal-bereket tapan, halallyga, adalata, ynsanperwerlige, dostana gatnaşyklara ygrarly merdana halkymyzyň sapaly durmuşa eýediginiň güwänamasydyr.

Täze şäherçeler peýda bolar

Suw Diýarymyzy gülledýän işlere itergi berýär. „Altyn Asyr“ Türkmen köli giden sähralyklary, çöllükleri suwarýar. Köle suwuny guýýan akabalardyr kanallar Garagumuň keşbini bütinleý özgerdýär. Ekin-dikinsiz, şorlap ýatan ýerler ýaşyl begresini geýinýärler. Tebigat gözelleşýär. Kölüň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň tamamlanmagy bilen toprak suwsuzlygyň ejirini çekmez, ýerleriň melioratiw ýagdaýy has gowulanar.

НА СПАРТИНЫЕ ПЛОЩАДКИ – ЗА ЗДОРОВИЕМ И ПОБЕДАМИ

Стало доброй традицией посвящать весенний месяц апрель здоровью и спорту, потому и неотъемлемой его частью стали велопробег, состязания спортсменов и выступления любителей спорта—приверженцев здорового образа жизни. Физкультурнооздоровительные, культурно-массовые мероприятия, стартовавшие в апреле, отличаются широкомасштабным характером и вовлекают в свою орбиту жителей всех этрапов и городов нашей страны.

MILLI OÝUNLAR BOÝUNÇA ÝARYŞLAR

Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjyndan kemal tapan Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylyny şygaryna laýyk dabaralandyrmak hem-de kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzalarynyň dӧwre gatnaşygyny açyp gӧrkezmek maksady bilen, golaýda TKA-nyň XVIII Milli sport oýunlarynyň Daşo

Gowy görelde goldanylýar

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welaýat saglygy goraýyş müdirligi we saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Türkmenabat şäher geňeşi sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşik geçirdi. „Il saglygy – ýurt baýlygy“ diýen ýörelgä eýerýän hormatly Prezidentimiziň sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak hem-de wagyz etmek boýunça öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmegiň gowy göreldesini görkezmek, baýramçylygy dabaralandyrmak maksady bilen  guralan ýaryşlar saglygy goraýyş işgärleriniň esasy işiniň daşyndan sport bilen meşgullanmagy-da durmuş ýörelgesine öwrendikleriniň beýany boldy.

Wagyz-nesihat çäresi

Berkarar dӧwletimiziň bagtyýarlyk dӧwründe ata Watanymyz Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna ӧwrüldi. Halkymyzyň saglygyny baş baýlyk hasaplaýan hormatly Prezidentimiziň sagdyn durmuş ýӧrelgeleri boýunça amala aşyrylan işlerini ýaýbaňlandyrmak, wagyz-nesihat etmek maksady bilen, golaýda welaýat Jemagat hojalygy birleşiginiň mejlisler eýwanynda duşuşyk ýygnagy geçirildi. Oňa birleşiginiň garamagyndaky edara kärhanalaryň ýolbaşçylary, KA-nyň ilkinji guramalarynyň başlyklary we kӧp sanly işjeň agzalary gatnaşdylar.

Wagyz-ündew etmek arkaly

Hormatly Prezidentimiz eziz Diýarymyzda  ata-babalarymyzyň şöhratly ýollaryny, pähim-paýhasa ýugrulan däp-dessurlaryny mynasyp dowam etdirýän nesilleriň ösüp ýetişmegi, Türkmenistany bagtly çagalygyň, ýaşlaryň arzuw-islegleriniň hasyl bolýan ýurduna öwrülmegi ugrunda yzygiderli aladalanýar. Gahryman Arkadagymyz ýaşlary ylymly-bilimli, sagdyn, ruhubelent, ene topragyny söýýän adamlar edip ýetişdirmek babatda bilim  işgärleriniň, şol bir wagtda bolsa ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň öňünde hem belent wezipeleri goýýar.

Wagyz-nesihat çäreleri

Türkmenistanyň  hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2017-nji ýyly „Sagdynlygyň  we ruhubelentligiň ýyly“ diýip yglan etmegi, şeýle hem neşekeşlige garşy ählihalk göreşine goşant goşmak, halkyň ruhy we beden taýdan sagdyn ýaşamagyna goldaw bermek maksady bilen,ylym we bilim işgärleriniň Garaşsyzlyk etrap Geňeşi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň, etrap polisiýa bölüminiň hünärmenleriniň gatnaşmagynda etrabyň orta mekdeplerinde wagyz-nesihat çärelerini geçirdi.

Maksadymyz – sagdynlygy gazanmak

Ata-babalarymyz „Herekete – bereket“ diýen dana sözi bilen miras galdyrmak bilen, işlemekligiň diňe bir maddy gymmatlyklary döredýändigini düşündirmek bilen çäklenmän, hereket etmekligiň sagdynlygyň girewidigini hem nygtapdyrlar. Çünki olar sagdyn  durmuş ýörelgeleriniň ynsan üçin iň peýdaly serişdeleriň biridigine örän gowy düşünipdirler.

Страницы




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.