2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

Kanunçylyk

RAÝAT JEMGYÝETINIŇ KEMALA GELMEGINIŇ ESASY UGRY

Türkmenistan 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda özüniň Konstitusiýasyny kabul etdi. Konstitusiýada adamyň hukuklary we azatlyklary, şeýle hem Türkmenistanyň Özygtyýarly we Garaşsyz döwlet hökmünde, onuň prezident respublikasy görnüşinde döredilýändigi beýan edildi.

"Döwlet gullugy hakynda" Türkmenistanyň Kanuny

Şu Kanun Türkmenistanda döwlet gullugynyň hukuk we guramaçylyk esaslaryny Türkmenistanyň raýatlarynyň döwlet gullugyna bolan hukuklaryny durmuşa geçirmeginiň şertlerini we tertibini kesgitleýär.

"Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alyp barşy hakynda" Türkmenistanyň kanuny

Şu Kanun döwlet gullukçysynyň ahlak keşbine we işewür sypatlaryna talaplary ýokarlandyrmasa gönükdirilendir we döwlet gullukçysynyň hünär işini тупаsyp amala aşyrmagy üçin onuň umumy etiki kadalaryny we özüni аlyp baryş düzgünlerini belleýär.

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY TÜRKMENISTANYŇ PAÝTAGTYNYŇ HUKUK ÝAGDAÝY HAKYNDA

Şu Kanun Türkmenistanyň paýtagtynyň hukuk ýagdaýyny kesgitleýär we Aşgabat şäheriniň Türkmenistanyň paýtagtynyň wezipelerini amala aşyrmagynyň hukuk, guramaçylyk we ykdysady şertlerini berkidýär.

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY MILLI TARYHY-MEDENI MIRASYŇ GOZGALÝAN GYMMATLYKLARYNY GORAMAK, ÄKITMEK WE GETIRMEK HAKYNDA

Şu Kanun milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň ýüze çykarylmagy, aýawly saklanylmagy, peýdalanylmagy, ýaýradylmagy, döwlet tarapyndan goralmagy, äkidilmegi we getirilmegi babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýär, türkmen halkynyň öz milli-medeni özboluşlylygyny gorap saklamaga we ösdürmäge bolan hukugyny üpjün edýär, milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak babatda gatnaşyklary belleýär, olaryň bikanun äkidilmeginden, getirilmeginden we olara bolan eýeçilik hukugynyň berilmeginden goramaga gönükdirilendir we halkara medeni hyzmatdaşlygyny ösdürmeklige ýardam etmäge niýetlenendir.

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY «DAÝHAN HOJALYGY HAKYNDA» TÜRKMENISTANYŇ KANUNYNA ÜÝTGETME GIRIZMEK HAKYNDA

I. 2013-nji ýylyň 9-njy noýabrynda kabul edilen «Daýhan hojalygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 75-nji madda) 4-nji maddasynyň ikinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY ENE SÜÝDI BILEN IÝMITLENDIRMEGI WAGYZ ETMEK WE GOLDAMAK HAKYNDA

Şu Kanun eneligiň we çagalygyň goralmagyny üpjün etmegiň döwlet kepilliklerini belleýär we çaganyň esasy hukuklarynyň biriniň – özüniň beden we ruhy saglygynyň emele gelmeginiň täsin özboluşly mümkinçiligi hökmünde ene süýdi bilen iýmitlendirilmäge bolan hukugynyň berjaý edilmegine gönükdirilendir.

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY SÖWDA IŞI HAKYNDA

Şu Kanun Türkmenistanda söwda işiniň amala aşyrylmagynyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär, onuň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmeginiň guramaçylyk esaslaryny we ýörelgelerini belleýär.

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY MAHABAT HAKYNDA

Şu Kanun Türkmenistanda mahabat işiniň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitleýär we mahabaty öndürmegiň we ýaýratmagyň barşynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

Страницы




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.