Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly!

Habarlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň täze düzümi tassyklandy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümetiň maslahatyny geçirdi, onda Ministrler Kabinetiniň täze düzümini tassyklamak bilen bagly meselelere hem-de taýýarlanan resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet geňeşiniň we hukuk goraýjy düzümleriň ýolbaşçylary bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti, Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda Döwlet geňeşiniň we hukuk goraýjy düzümleriň ýolbaşçylary bellenildi.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW MINISTRLER KABINETINIŇ WE DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ BILELIKDÄKI MEJLISINI GEÇIRDI

Hormatly Prezidentimiz bilelikdäki mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen döwlet Baştutanynyň ählihalk saýlawlarynyň jemlerini yglan etmek üçin Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy G.Myradowa söz berdi. Ol Türkmenistanyň Prezidentiniň ählihalk saýlawlarynyň jemleri barada habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy saýlawlarda gazanan ýeňişi bilen döwlet baştutanlary gutladylar

Ses bermeleriň jemleri Siziň ýokary syýasy abraýyňyzyň, Siziň döwlet Baştutany wezipesinde bitiren işleriňiziň giňden ykrar edilmeginiň, şeýle hem Siziň Türkmenistanyň milli ykdysadyýetini mundan beýläk-de berkitmäge hem-de raýatlarymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasatyňyzyň giňden goldanylýandygynyň subutnamasydyr, diýip Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin belleýär.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW: BITARAPLYK, PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIK WE HOŞNIÝETLI GOŇŞUÇYLYK – TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY SYÝASATYNYŇ ESASYNY DÜZÝÄR

Döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji maslahatynda 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek barada Rezolýusiýany kabul etmegi mynasybetli ýurdumyzyň halkyna ýüzlenme bilen çykyş etdi.

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ MASLAHATY

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň on sekizinji maslahaty geçirildi, onda täze Kanunlaryň hem-de kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň birnäçesi kabul edildi. Olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşi hem-de döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanyldy.

DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISINDE ÝANWAR AÝYNDA HARBY WE HUKUK GORAÝJY EDARALARYNYŇ ALYP BARAN IŞLERINIŇ NETIJELERI SELJERILDI

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine 2017-nji ýylyň birinji aýynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň alyp baran işleriniň netijeleri hem-de olaryň işini has-da kämilleşdirmek bilen bagly möhüm meseleler girizildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Onuň barşynda döwlet Baştutanymyz sebiti durmuş –ykdysady taýdan ösdürmegiň meselelerine, döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine, senagat pudagynda we oba hojalygynda alnyp barylýan işlere üns berdi, şeýle hem halk hojalygynyň pudaklarynyň zähmetkeşleri bilen duşuşdy.

Страницы




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.