2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

Nowruz baýramyna bagyşlanyp

     Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan türkmeniň milli däp-dessurlary kämilleşdirilip, dabaralandyrylýar. Ýurdumyzda türkmeniň milli baýramçylyklarynyň giňden bellenilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Milli baýramymyz bolan Nowruz baýramy mynasybetli edara-kärhanalarda, ýokary okuw mekdeplerinde dabaraly çäreler geçirilýär. Ýakynda Halkara nebit we gaz uniwersitetinde hem Nowruz baýramyna bagyşlanyp talyp ýaşlaryň arasynda fakultetara ylmy-taslama bäsleşigi yglan geçirildi.

     «Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe innowasion tehnologiýalar we olaryň netijeliligi» atly ylmy-taslama bäsleşigine Balkanabatdaky şahamçamyzdan gelen taslamalar bilen bilelikde ýüzden gowrak taslama hödürlenildi. Bu hödürlenen ylmy-taslamalar uniwersitetimiziň ýörite düzülen topary tarapyndan seljerilip, on sekiz talybyň ylmy-taslama işi ýeňiji diýlip yglan edildi. Bu ylmy-taslama bäsleşigi uniwersitetimiziň rektoraty tarapyndan tassyklanan düzgünnama esasynda geçirilip, ýeňijiler kesgitlenildi. Ýörite düzülen toparyň geçiren seljermeşiniň esasynda uniwersitetimiziň Energetika we inženerçilik desgalary fakultetinden alty talybyň, Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetinden alty talybyň, Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetinden üç talybyň, Nebit we gaz fakultetinden iki talybyň, Balkanabatdaky şahamçamyzdan bir talybyň ylmy-taslama işleri ýeňiji diýlip yglan edildi. Ylmy-taslama bäsleşiginde ýeňiji bolan talyplara uniwersitetimiziň rektoraty we kärdeşler arkalaşyklary guramasy tarapyndan gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Ýurdumyzyň ýaşlarynyň ylymly-bilimli, kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun!

Aşyrmuhammet RAHMANBERDIÝEW
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň kärdeşler arkalaşyklary guramasynyň başlygy.
21.03.2015ýyl




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.