2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

HALAL IŞLE — HAÝYR TAP

Ýakynda Tejen etrap we şäher häkimliginiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de hukuk goraýjy edaralaryň bilelikde gurnamagynda, Tejen şäher medeniýet öýünde, korrupsiýa we parahorlyga garşy göreşi güýçlendirmek maksady bilen, «Halal işlehaýyr tap» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Çärede çykyş edenler jemgyýetimizde ýüze çykýan käbir nogsanlyklar, ýaşlaryň päk ahlakly bolup ýetişmekleri üçin alnyp barylmaly işler, parahorlygy aradan aýyrmak. ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmek. ýaramaz endiklerden daşda durmak hakynda giňişleýin durup geçdiler.

Duşuşyga gatnaşanlar ýurduň ertirki ykbaly bilen aýrylmaz bagly bolan milletimiziň saglygyny we arassalygyny goramak meselesinde nusgalyk ýol görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, başynyň dik, il bähbitli, ýurt ähmiýetli alyp barýan işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 

Ogulbagt AÝNAZAROWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap birleşmesiniň işgäri.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.